CITY-U köpugurly hünärmenleriň ussahanasy

“Bilim we sport berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergi we maslahata Malaýziýanyň CITY uniwersiteti hem gatnaşýar.

CITY uniwersiteti beýleki ugurlar bilen bir hatarda Syýahatçylyk we Myhman kabul ediş hyzmatlary hünäri boýunça ýokary bilim hyzmaty hödürleýär. Bu pudakda Fransiýanyň syýahatçylyk menedžmenti we myhmanhana hyzmatlarynyň okuwlary boýunça saýlanan ýokary okuw mekdebi bolan VATEL Hotel & Tourism Business School bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu hünäriň uçurymlary ady agzalan iki bilim edarasynyň hem diplomlaryny almaga hukuk gazanýarlar.

Mundan başga-da ABŞ, Ýewropa we Aziýa ýurtlaryndan jemi 16 uniwersitet bilen hyzmatdaşlyk edýär.

CITY Uniwersitetiniň Halkara marketing we biznes ösüşi boýunça menedžeri Sara O. Lashkariani kampusda ýaşaýyş durmuş şertleri ähli taraplaýyn üpjün edilendigini, halkara talyplar üçin ýörite bölüm hyzmat berýändigini nygtady.

Häzirkizaman döwrüň talaplaryna laýyklykda, talyplar diňe bir nazary ylymlar bilen däl-de eýsem, amalyýetde tejribe gazanmaklarynyň hem zerurdygyny aýratyn bellemeli. Şol sebäpli talyplaryň önümçilik kärhanalarynda tejribe gazanmaklary üçin onlarça kompaniýalar bilen şertnama ylalaşylan.

City University häzirki wagtda:
1) Biznes,
2) Saglyk bilimleri,
3) Mugallymçylyk we erkin döredijilik bilimleri,
4) IT,
5) Syýahatçylyk we myhmansöýerlik hyzmatlary,
6) Arhitektura we gurluşyk gurşawy,
7) Inženerlik
8) Sungat we dizaýn
fakultetlerinde uçilişşe we bakalawr derejeli hünärler boýunça bilim berilýär.

Mundan başga-da:
1) Taýýarlyk okuwlar merkezi
2) CITY akademiýasy
3) CITY aspirantura okuwlary (magistratura we doktorantura)
4) Açyk we uzak aralykdan okuwlar
5) Dil öwreniş merkezleri
hem hyzmat berýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok