Türkmenistan 3 – 1 Koreýa DHR

Aşgabat şäheriniň Köpetdag stadionunda FIFA Dünýä kubogy (Katar) 2022 we AFC Aziýa Kubogy (Hytaý) 2023 çempionatlarynyň saýlama tapgyrynyň Türkmenistan we Koreýa Demokratik Halk Respublikasynyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk geçdi.

Duşuşyk 3-1 hasaby bilen Türkmenistanyň ýeňişi bilen tamamlandy.

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyndan Mihail Titow (23′), Arslanmyrat Amanow (73′), Wahyd Orazsähedow (88′) garşydaş toparyň derwezesine gol salmagy başardy.

Myhman topar bolsa oýundan boş gaýtmady. Oýunyň soňky pursatlarynda demirgazyk koreýaly Khwang Song Han (90+3′) örän owadan goly türkmen derwezesine salmagy başardy.

AFC resmi saýtynda berilen maglumata görä saýlama tapgyrynda H toparyndaky ýeňilmän gelýän Koreýa Demokratik Halk Respublikasyny milli ýygyndysy ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Deslapky duşuşyklarda Liwan we Şri Lanka komandalaryny ýeňen demirgazyk koreýalylar, Günorta Koreýa komandasy bilen duşuşygy hasap açylman tamamlanypdy.

Bu duşuşyk Türkmenistan milli ýygyndysy üçin örän kritiki oýun boldy. Mundan öňki duşuşyklarda 2 oýun yzly-yzyna ýeňlişe sezewar bolmagy, H toparyndan saýlamak mümkinçiligini kynlaşdyrypdy.

Köpetdag stadionyna gelen tomaşaçy sany 26 müň diýip hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilmegine görä Türkmenistanyň ýygyndy topary dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyryndaky nobatdaky duşuşygyny 19-njy noýabrda Şri-Lankanyň milli ýygyndysynyň garşysyna geçirer.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok