Bilim we sporta bagyşlanan halkara sergi hem-de maslahat öz işine başlaýar

2019-njy ýylyň 14-15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň sergi merkezinde “Bilim we sport berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär.

Sergide ýerli we halkara bilim ojaklarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, bilim hyzmatlary berýän edaralaryň sergi nokatlary guralýar.

Bu ýylky sergä 17 döwletden 116 gatnaşyjy bar. Bularyň ýarysy daşary ýurtly kärhanalaryň, edaralaryň wekilleri.

Sergi şu tertipde geçirilýär:
14.11.2019ý. sagat 10:00-17:00 aralygynda;
15.11.2019ý. sagat 10:00-15:00 aralygynda.

Ýapylyş dabarasy
15.11.2019ý. sagat 17:00-da

Çäreler toplumynyň guramaçylary:
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň;
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi;
Türkmenistanyň Söwda senagat edarasy.

Teswirler

Ösüşiň täze trendleriniň bilim ulgamyndaky orny — IN ASHGABAT

[…] has oňyn netijelerini berer. 2019-nji​ ýylyň 14-15-nji​ noýabrynda geçirilýän «Bilim we sport berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahata 17 döwletden 116 gatnaşyjynyň​ 58 -i​ daşary ýurtly bilim edaralarynyň wekilleri. […]