Aşgabatda geçen Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleriň çäginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Ermenistan Respublikasynyň «Terýan medeni merkeziniň» jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleriniň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we talyplary bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Olar ýokary okuw mekdebiniň okuw otaglaryna aýlanyp, talyplar bilen söhbetdeş boldular. Ýokary okuw mekdebiniň talyplary ussatlyk sapagyny görkezip, hünärmenler bilen gyzykly söhbetdeşlikler gurnaldy. «Terýan medeni merkeziniň» jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleri amaly-haşam sungatyna degişli dokma we keramika önümlerini getirdiler.
Ermenileriň önümleri gadymy milli nagyşlary döwrebaplaşdyryp, häzirki zaman äheňine getirip döreden işlerini halypa mugallymlar, talyplar örän içginlik bilen synladylar. Medeniýet hepdelikleriniň gurnalmagy her ýurt öz medeniýeti, sungaty bilen tanyşyp, duşuşyklaryň gurnalmagy biri-birilerine ysnyşykly dostlukly gatnaşyklara getirýär. Olar medeni mirasynyň bir bölegi bolan halylaryň nagyşlaryny häzirki zaman önümlerinde peýdalanýarlar. Bu ýerde «Terýan medeni merkeziniň» jemgyýetçilik guramasynyň direktory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, suratkeş-dizaýner Lilit Melikýan, jogapkär guramaçy Awet Oganesýan, suratkeş-dizaýner, ussat Ani Simonýan, keşdäniň ussady Lusine Mhitarýan, pedagogik ylymlarynyň kandidaty, dosent, suratkeş-dizaýner Lilit Fljýan maslahatda çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda öz ulanýan tilsimlerini Ermenistanyň amaly-haşam sungaty barada giňişleýin gürrüňleri berdiler. Myhmanlara Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Jemal Toryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty fakultetiniň Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy
Teswirler