Ýaponiýada esaslanan Pasona Inc. kompaniýasynyň müdüriýetiniň başlygy jenap Takahiro Domae 2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Tokio şäheriniň Shinagawa Prince Hotel myhmanhanasynda geçen türkmen-ýapon işewürler maslahatynda çykyş etdi.
Ol öz çykyşynda Ýaponiýada ýüze çykan jemgyýetçilik meselelerini çözmek üçin işläp düzen meýilnamalaryny we olaryň beren netijeleri barada giňişleýiň gürrüň berdi.
Adam resurslaryny ykdysadyýete we jemgyýete gaznadyrmak üçin HR çözgütleri, durmuş çözgütleri, teýning we global çeşmelendirme usullary ulanylýar.
Ýaponiýanyň dürli sebitlerinde, dürli ýagdaýlara sezewar bolan, mysal üçin tebigy hadysalaryň pidalaryny goldamak, olara täze iş orunlaryny döretmek üçin geçiren işleri barada giňişleýin maglumat berdi.
Häzirki wagtda Pasona kompaniýasanyň hyzmat berýän ulgamynda 9074 işgär zähmet çekýär, 15 sebitde 55 bazasy bar we pul dolanşygy 3 milliard amerikan dollaryna barbardyr.
Teswirler
Salam. Şular yaly informasiya bayhabar okamak maña yarady