Ýaş žurnalistler üçin uly mümkinçilik

Arzuw.News internet portaly ýaş žurnalistleriň ünsüni çekjek programma gatnaşmaga çagyrýar.

ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) hem-de JA Worldwide kompaniýasynyň goldamagynda Media Start programmasyny geçirýär.

Bu programma Türkmenistanyň žurnalistleriniň täze neslinde internet sowatlylygyny artdyrmak, döwrebap medýa tehnologiýalary bilen içgin tanyşdyrmak, ýerli we sebit habarlarynyň köpçülige ýetirmek endigini gazandyrmakdan ybarat.

Bu programma 3 tapgyrda geçirilýär:

1) “Onlaýn žurnalistikanyň döwrebap trendleri” atly ýygjamlaşdyrylan 4 günlük amaly seminar;
2) «Media Starter — 2019» bäsleşigine gatnaşmak üçin bäsleşik işlerini taýýarlamakda, žurnalistika pudagynda bilermenleriň profesional maslahatlary;
3) “Iň gowy maglumat makalasy”, “Iň gowy fotoreportaž”, “Iň gowy wideosýužet”, “Iň gowy interwýu” ugurlary boýunça «Media Starter — 2019» žurnalistika bäsleşigi.

Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar we Arzuw.NEWS habar portalynda iş tejribesi geçmek mümkinçiligi berilýär.

Programma gatnaşmak üçin www.mediastart.org salgysy arkaly ýazylyp bilersiňiz. Ýerler çäkli, diňe 35 dalaşgär kabul edilýär. Ýazylşyk 2019-njy ýylyň 25-nji oktýabryna çenli dowam edýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok