Hytaý Halk Respublikasynyň Suar şäherinde “Türkmenistan üçin syýahatçylyk we otel menedžmenti biznesini ösdürmek” barada seminar geçirilýär.
Seminarda türkmen we hytaýly syýahatçylyk pudagynyň wekilleri pikir alyşýarlar.
Hytaý we Türkmenistanyň medeniýet syýahatçylarynyň ünsüni çekýän medeni, tebigy, entografiki baýlyklaryň tanyşdyrlyşy barada tejribe alyşdylar.
Türkmenistanyň çäklerinde “Beýik Ýüpek ýolunyň” ugrunda ýerleşen ymaratlar hytaýly jahankeşdeler gyzyklanma döredýär.
Türkmeniň gök çaý, çarwadarlyk medeniýeti, etnografiki gymmatlyklary, toý däpleri hem aýratyn üns çekýär.
Hytaýly myhmanlar Türkmenistanda bolan döwründe garaşýan iýmit, ulag we myhmanhana hyzmatlary barada-da maglumatlar paýlaşyldy.
Seminara Türkmenistanyň birnäçe syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleri, şol sanda Trawelco, Jeyhun Travel, Oguz Tour, Güneşli Syýahat, Dünýa Syýahat kärhanalarynyň wekilleri gatnaşýar.
Teswirler