Ilkinji organiki önüm sergä çykaryldy

«Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergide Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamgyndaky Aşgabat Dokma toplumynyň öndürýän ekologik taýdan arassa önümleri sergä çykaryldy.

Global Ekologiýa syýasatynyň durmuşyna geçirilmeginde işjeň gatnaşýan Türkmenistanyň senagatynda-da munyň täsirini hem görmek mümkin.

Sergi nokadynda “Türkmenistadan ilkinji organiki önüm” diýen belgi bilen, hiçkili himiki serişde, plastik ýa-da boýag ulanylmadyk 100% göterim organiki dokma önüm ünsüňi çekýär.

Aşgabat Dokma toplumy “Wada” we “Goza” söwda nyşanlary bilen dünýä bazarynda-da çykyş edýär. Toplum diňe bir pagtadan däl, eýsäm bambuk ýaly adaty bolmadyk çyg maldan hem dokma önümleri öndürip, sarpedijilere ýetirýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok