Sammite bagyşlanan maslahat geçirildi

2019-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda, “Türkmenistan-GDA: netijeli hyzmatdaşlygyň täze ugurlary” atly maslahaty geçirildi. Maslahaty Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Atajan Burunowyň alyp bardy.

Maslahat GDA döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda geçirilen mejlisiniň netijelerine bagyşlandy. Bitaraplyk derejesi bilen sebitiň parahatçylygyna aýratyn goşant goşýan Türkmenistanyň GDA döwletleriniň arasyndaky aýratyn orny, GDA döwletleriniň baştutanlary barada beren beýanlarynda aýan bolandygy bellenilip geçildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky jarnama bilen bir hatarda birnäçe resminamalara-da gol çekildi.

Geçirilýän döredijilik duşuşyklary, festiwallar, guralýan halkara teatr çykyşary, Türkmenistanyň hökümetiniň medeniýete we intelligensiýa goýýan aýratyn sarpasy nyşanydygyny, çykyş edenler aýratyn nygtap geçdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Gurbangül Ataýewa, “Diýar” žurnalynyň baş redaktory Gurbannazar Orazlyýew, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Bäşim Annagurbanow, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Begenç Mätliýew, Türkmen döwlet gurluşyk we binagärlik institutynyň uly mugallymy Amangeldi Orazow, “Ter önüm” hojalyk jemgyýetiniñ esaslandyryjysy Döwletgeldi Ballyýew, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy Rahymberdi Aymämmedow çykyş etdiler.

Çykyş dolulygyna “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynda halk köpçüligine ýetirildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok