Tokaýew “Arkalaşyk wizasyny” teklip etdi

GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öz çykyşynda GDA döwletlerinde syýahatçylygy ösdürmek we ýeňilleşdirmek maksady bilen umumy wiza režimini girizmek barada gerekli pikir alyşmak işlerini alyp barmagy teklip etdi.

Elbetde bu meseläniň özboluşly kynçylyklarynyň bardygyny, emma durmuşa geçirilen halatynda her agza ýurtlaryň syýahatçylaryň ünsüni çekýän tebigy we taryhy gymmatlyklarynyň bardygyny nygtady.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok