2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda TSTB-nyň mejlisler otagynda “Hytaý Halk Respublikasynda söwda etmegiň aýratynlyklary” temada pikir alyşma duşuşyk geçirildi.
Rahymberdi Kerimow bu temada taýýarlan hödürnamasy çykyş etdi. “Hytaýda söwda etmegiň aýratynlyklary” ylmy-amaly hödürnamada, Hytaýyň bazar ykdysadyýetine geçen ilkinji ýyllaryndan başlap bugün nähili sepgitlere ýetendigi barada gürrüň berildi.
Hytaý 1958-nji ýylda ilkinji telewizoryny, 1968-de ilkinji gämisini, 1969-da paýtagt Pekinde ilkinji metrony gurýar. 2009-njy ýylda iň köp awtoulag öndürýän we satýan ýurda öwrüldi.
Söwdanyň göwrümine göz ýetirmek üçin aýratynlykda bir mysal alsak Ýiwu şäherinde Futian Market söwda dükanynda 75 müňden gowrak zawod fabrikleriň önümleriniň 400 müňden gowrak görnüşi satyşa hödürlenýär. Dükanyň 1 ýylyň jeminde söwda dolanşygy 32 milliard amerikan dollary müçberinde bolýar.
Şeýle-de R. Kerimow 7 ýyl bäri işleşip gelýän Hytaý bazary bilen baglanşykly öz tejribelerini we belliklerini paýlaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylaryň soraglaryny jogaplady.
Pikir alyşma çäresi TSTP-nyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan guraldy.
Teswirler