Geňeşiň nobatdaky mejlisi Daşkentde geçiriler

2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçen GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde ýerine ýetiriji toparynyň ýerine ýetiriji sekretary Segeý Lebedew nobatdaky mejlisiň Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde 2020-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda geçiriljekdigini mälim etdi.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew, geňeşe başlylyk etmek bilen uly jogapkärçiligiň ynanylýandygyny, emma arkalaşygynyň döwletleriniň esasan hem Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy bilen iň ýokary dereje geçirmäge özbek hökümetiniň taýýarlyk görjekdigini nygtady.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok