GDA-nyň Ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk gaznasy Berdimuhamedowy medal bilen sylaglandyrdy

Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň ahyrynda GDA-nyň Ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk gaznasy Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa, sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi we ynsanperwer hereketi goldamak barada eden aladalary, degerli goşantlary nazara alynyp “Ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösüşinde bitiren işleri” üçin medal bilen sylaglandy.

Medaly gaznanyň müdiriýetiniň ýolbaşçylary, Azerbeýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Polat Bülbüloglu, Russiýa Federasiýasynyň medeni gatnaşyklar boýunça ýörite wekili Mihail Şwydko gowşurdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok