Berdimuhamedow: Indiki ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy giňden bellenip geçiler

GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň giňişleýin maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň BMG tarapyndan ykrar edilmeginiň 25 ýyllygy giňden bellenjekdigini nygtady.

Pursatdan peýdalanyp 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek halkara maslahata we beýleki baýramçylyk dabarasyna gatnaşmaga GDA döwletleriniň ýolbaşçylaryna çakylyk bilen ýüzlendi.

G. Berdimuhamedow Halkara maslahatyň halkara parahatçylyga, ösüşiň howpsuzlygyna we durnuklylygyna bagyşlanyp geçiriljekdigini belledi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok