Telekeçiler Halk maslahatyndan gelip çykan wezipeler barada maslahat geçirdi

2019-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde gelip çykan wezipeleri raýatlaryň arasynda giňden düşündirmek maksady bilen “Türkmenistanyň  Halk Maslahaty: aýdyň maksatlar, anyk wezipeler” atly maslahat geçirildi.

         Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda geçirilen maslahata birnäçe telekiçiler we partiýanyň işgärleri gatnaşdy.

         Partiýanyň guramaçylyk we syýasy işleri bölüminiň partiýa guramaçysy Durdymyrat Ataýewyň alyp barmagyndaky geçirilen maslahatda:

  • Kazakowa Oguljeren Nuryýewna – Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy
  • Çaryýew Perhat – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar insitutynyň mugallymy, Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzasy
  • Meretliýew Parahat – Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işleri bölüminiň müdiri
  • Kurbanow Wepa – Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işleri bölüminiň müdiri

çykyş etdiler.

Maslahatyň ahyrynda alyp baryjy, maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip maslahaty ýapdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok