2019-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk duşuşygy geçirildi.
Dabarany Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Atajan Brunow alyp bardy.
Dutarçylar topary Magtymguly Myşşyýewiň sözlerine «Ýaşlaryň arasynda garrylar gerek» diýen aýdymy ýerine ýetirdiler.
Iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we sylanýan il ýaşulylary türkmeniň ýaş kiçi we ýaşulylara goýulýan sarpa barada aýdyp geçdi.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy Ata Serdarow, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň merkezi geňeşiniň ýolbaşçysy Saparmyrat Owganow, Agrar partiýanyň başlygy Bäşim Annagurbanow, Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkeziniň we Zenanlar birleşmesiniň başlygy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň başlygy Ýazmuhammet Öwezberdiýew gatnaşdy.
Maslahatda şeýle-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitiniň kafedra müdiri, professor Italmazaz Saparlyýew hem-de Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Çaryguly Ataýew çykyş etdi.
“Ýaşuly bolmak, ýaşyň uly bolmagy däldir. Ýaşuly diýmek, ýaşlara görelde, mekdep, görelde diýmek. Ýaşlara goldaw, direg diýmek. Akyl paýhas bilen töweregine peýdasy degmedik adam ýaşuly bolmaýar. Ol diňe garry bolýar. Ýaşyň uly bolmaly däl-de, jemgyýete, ile-güne peýdaň uly bolmaly,” diýip Çaryguly aga öz çykyşynda belledi.
TDP-nyň başlygy Ata Serdarow, Türkmenistanyň Gahrymany Berdimuhamet Annaýewiň zähmet durmuşy, ýaş nesillere görelde mekdebi bolup durýandygyny nygtady.
Jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän we halkyň arasynda hormata mynasyp bolan ýaşulylara, enelere döwletiň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Teswirler