Ýaş suratkeşleriň joşguny

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýet we sungat ulgamy ösüşlere eýe bolýar. Milletimiziň ruhy gymmatlyklaryna öwrülen çeperçilik taýdan kämil sungat eserleriniň döredilmegi, gözel paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynda dünyä ülňülerine laýyk gelýän we  medeni maksatly binalaryň yzygiderli gurulmagy we ulanylmaga berilmegi, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň has-da gülläp  ösmegine, onuň milli öwüşgünleriniň zemin içre giňden ýol açmagyna ýetirdi . Sungat jadyly dünýä. Türkmenistan Rowaçlygyň watany ýylynda asuda diýarymyzda, ýurdumuzda günsaýyn medeniýet we sungat çäreleri geçirilyär .

Erkana watanymyzda ajýyp watanmyzy wasp edýän sergiler gurnalýar , ol sergileriň biri hem 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda  “Ýaş suratkeşleriň joşguny’’ ady bilen  Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny tamamlan uçurumlar gatnaşdylar. Olar Hojayew Annadurdy, Torayew Çingiz, Ýeňiş Ýagşymyradow, Nazarow Meýlis, Batyrow Nurberdi, Nuryýew Baýram dagylar döredijilik işleri bilen taslamalaryny hödürlediler. ”Ýaş suratkeşleriň joşguny” atly sergini synlamaga Ýurdumuzuň birnäçe künjeklerinden adamlar gatnaşdylar. Uçurymlar 72 sany nakgaş eserlerini halka ýetirdiler. Sergide ýokary okuw mekdebiniň halypa mugallymlar çykyş etdiler, gutlag sözleri aýdyldy. Sergä gatnaşyjy uçurymlara sungat äleminde uly üstünlikler arzuw edildi.

Güneşli diýarymyzda ynsan durmuşyny gözellige öwürýän, medeniýete we sungata uly üns berýän we bu ugurda tagallalaryny gaýgyrmaýan Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok