Dünýä kofe güni dürli ýurtlarda dürli görnüşlerde bellenilýär. 2015-nji ýylda resmi ýagdaýda bellenilmäne başlanan kofe güni, mugt ýa-da dürli aksiýalar bilen kofe muşdaklarynda uly gyzyklanma döredýär. Biziň ýurdumyzda hem kofe güni sebäpli birnäçe aksiýalar edildi. Muňa mysal edip paýtagtymyzda ýerleşýän “Burger Zone” “ Coffee Plus” “Şa Kofe” ýaly birnçäe kafeler aksiýalar etdiler.
Dünýä kofe güni mynasybetli “Burger Zone” kafesi 1-nji oktýabrda güniň dowamynda gelýän ähli müşderileri üçin, Espresso düzümli bir kofeny sowgat berdi. Şol kafe-nyň baristasy (kofe ýasaýan) Roman Tunanow bilen söhbetdeş bolanymyzda ol bu kärde 6 ýyldan gowrak işleýändigini aýtdy. Ondan kofe barada bize gürrüň bermegini soranymyzda:
- Kofe – bu düşnüksiz we durmuşyň energetikasy içgi diýip hasaplaýaryn. Kofeny içmegi we ýasamagy özüm halaýan we şol sebäpden şul ugrdan işleýärin. Kofe-lar iki görnüşe bölünýär, olar Arabika we Robusta. Biziň kafemizde arabika görnüşi ulanylýar. Biziň kafemizde 1 günde ortaça 85 bulgur, ýagny 1 kg töweregi kofe satylýar. Kofe ýasamagy 1 ýyl töwereginde öwrenip bolar. Emma ussatlyk derejesine ýetmek üçin ýyllarça zähmet çekmeli.
Mundan başgada Aşgabat şäherimizde ýerleşýän “Şa Kofe” , “Bazetti Cafe”, “Rahat Coffee”, “Umyt Coffee”, “Coffee Plus” kofe dükanlarynda müşderilerine baýramçylyk ýeňilliklerini döretdi.
Teswirler