Halk maslahaty öz işine başlady

“Ruhyýet” köşgünde Halk maslahaty öz işine başlady.

TDH-nyň habar bermegine görä Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan etdi.

Her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän bu mejlisde, ýurduň köpugurly syýasy, jemgyýetçilik, ykdysady meselelerine garalýar, kararlar kabul edilýär.

Halk maslahatynyň düzümine ýurduň ähli syýasy, jemgyýetçilik gatlaklaryndan wekiller gatnaşýar. Halk maslahatynyň mejlisiniň saýlan agzalary öz saýlanan dolandyryş-çäklerindäki ilatyň hal-ýagdaýy bilen ýakydan gyzyklanyp, olardan gelen teklipleriň üstünde işleýär.

Halk maslahatynyň düzümi, işiniň guralşy we ygtyýarlyklary baradaky kanun 2017-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda rejelenen görnüşi kabul edildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda kanuny üçin şu ýere salgylanyp bilersiňiz: http://minjust.gov.tm/tm/mmerkezi/doc_view_2lang.php?doc_id=15170

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok