Eneş Rejepowa ýaş toýuny belledi

Aşgabat şäheriniň “Durnalar” kafesinde Eneş Rejepowanyň ýaş toýy geçirildi. Toýda maşgala agzalaryndan daşary dost-ýarlary, medeniýet we sungat işgärleri gutlap geldi.

Belli aýdymçylardan Parahat Amandurdyýew, Gülşat Gurdowa, Züleýha Kakaýewa, Selbi Tuwakgylyjowa, Mekan Ataýew, Baýram Hojatow, Döwlet Annageldiýew, Begmyrat Annamyradow dagylar Eneş Rejepowanyň şatlygyny paýlaşmak üçin dabara geldiler. Kerim Gurbanalyýew, Agamyrat Käşliýew we Döwran Saparow ýaly halypa aýdymçylar hem öz gutlag sözlerini aýtdylar. Gelen aýdymçylar gezekleşip aýdym aýtdylar, myhmanlar hem bolsa saza goşulyp tans etdiler.

Ýaş toýunyň süýjilik tortuny bolsa Eneş Rejepowa öz agtyklary bilen kesdi. Bu pursatda-da gutlag sözleri aýdyldy. Naz-nygmatdan dadylandan soň tanslar dowam etdi. Dabaranyň jemleri “küşdepdi” bilen jemlendi.

Eneş Rejepowa, 1980-nji ýyllarda okuwçy döwürlerinde bäri aýdym-saz bilen gyzyklanyp başlady. Irki döwürler türkmen aýdymlaryndan daşary azerbeýjan, arap, eýran, türki aýdymlary hem ýerine ýetirip estrada ýola başlady. Türkmen aýdymlarynyň täze žanrynyň emele gelmegine goşant goşdy. Täze nesil aýdymçylaryň arasynda Mekan Ataýew, Selbi Tuwakgylyjowa öz ýerine ýetirýän aýdymlarynyň äheňine Eneş Rejepowanyň geçen ýoluny täsiri bolandygyny gizlemeýärler.

Eneş Rejepowany özboluşly meşhur eden aýdym “Läläm sen aglasaň, aglaýar älem” atly eser boldy. Bu aýdym telewideniýede we radioda birnäçe ýyllap goýberildi, toýlarda, dabaralarda ýaňlandy.

Eneş Rejepowanyň üç sany agtygy bar. Boş wagtynyň uly bölegini şolar biler geçirýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok