Üns beriň: BÄSLEŞIK !!!

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi

HORMATLY ÝURDUMYZYŇ ÝAŞAÝJYLARY!

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi www.yashlar.gov.tm saýtynda 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň 20-25-i aralygynda 14-30 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň hem-de ýurdumyzda hereket edýän elektron saýtlaryň arasynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygy mynsaybetli, ýurdumyzyň ajaýyp gözel keşbini, bagtyýarlyk zamanamyzyň öwüşgünini wasp edýän fotosurat hem-de döredijilik bilen meşgullanýanlary täze döredijilik gözleglere we üstünliklere ruhlandyrmak maksady bilen, şu ugurlar, ýagny: goşgular, poemalar, publisistik makalalar, oçerkler, hekaýalar we oýlanmalar boýunça bäsleşikleri yglan edýär. Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini turkmen-youth@online.tm salgysyna iberip bilerler. Ýeňijiler ýörite tassyklanan toparyň netijesi boýunça kesgitlener hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşleri tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanarlar.

Bellik:

Suratyň awtory hem-de telefon belgisi görkezilmeli;

Suratyň çägi her gatnaşyjy üçin 1 sany bolmaly;

Suratlar JPEG formatda bolup, 10Mb ölçegden uly bolmaly däldir;

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok