Özbegistanda geçirilen halkara tans festiwalynda birinji orun

Özbegistanda geçirilen halkara tans festiwalynda birinji orun
Daşoguz welaýatyndan «Dessan» tans topary 15-16-njy sentýabrda Hywada geçirilen «Tansyň jadysy» atly halkara festiwalda birinji orny eýeledi. Türkmenistanyň at gazanan artistleri Dursunjemal Gazakowa we Guwanç Otuzow bilen bilelikde çykyş eden artistlerimiz küştdepdi halk tansy bilen emin agzalarynyň ýokary bahasyna eýe boldular, bu tans ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasy-nyň sanawyna girizilendir. Şeýle hem birinji orna Polşadan gelen topar mynasyp boldy. Ikinji orny Özbegistanyň, Indoneziýanyň we Gruziýanyň toparlary paýlaşdylar. Üçünji orna Täjigistanyň, Gazagystanyň, Hindistanyň we Özbegista-nyň wekilleri mynasyp boldular. Bäsleşigiň baş baýragyny Azerbaýjanyňtopary eýeledi.«Iň ýaş topar», «Halk tansyny ussat ýerine ýetiriji», «Iň ýaş tansçy», «Iň gowy baletmeýster» we beýleki ugurlarda birinji orna mynasyp bolan tans toparlary ýörite diplomlar bilen sylaglanyldy. Festiwal «Içan kala» döwlet muzeý goraghanasynda geçirilip, ol Aziýanyň we Ýewropanyň 20 ýurdundan, şol sanda Indoneziýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan we beýleki döwletlerden çeper döredijilik toparlaryny ýygnady. Horezm oblastynyň administrasiýasynyň ýolbaşçysy F.Ermanow festiwalyň açylyş dabarasynda çykyş edip, bu waka tansyň diliniň dürli halklary we medeniýetleri birleşdirýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar diýip belledi. Festiwalyň çäklerinde tans sungatynyň milli däplerine bagyşlananylmy maslahat geçirildi. Ol Ürgenç şäherindäki Türkmen-Özbek dostluk öýünde uly üstünlik bilengeçirildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok