16 milliard ýewrolyk ýaryş başlaýar

Futbol janköýerleriniň iň söýgüli bäsleşigi bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsümine badalga berilýär. Çempionlar ligasy ady bilen 28-nji, umumylykda-da ýaryşyň 65-nji möwsümi bolan UEFA Çempionlar ligasynda çykyş edýän 32 klubuň hataryndaky oýunlaryň transfer bazaryndaky gymmaty 16 milliard ýewro deňdir. Olaryň iň gymmady 1 milliard 280 million ýewro görkeziji bilen Mançester Siti toparydyr. Iňlis klubundan soň 2-3-nji orunlary ispan toparlary Real Madrid bilen Barselona paýlaşýar. Realyň düzümindäki oýunçylarynyň 1 milliard 190 million, Barselonanyňky bolsa 1 milliard 180 million ýewro möçberindedir. 32 klubuň arasyndaky iň arzan oýunçyly klub Çehiýanyň Slawiýa Praga topary bolup, olaryň transfer bazaryndaky gymmaty 36,6 million ýewro deňdir.

Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklarynda futbol janköýerlerine biri-birinden gyzykly oýunlar garaşýar. Şol oýunlaryň ýeke-täk bolmaýan tarapy ol hem bir wagtda başlanmagydyr. Aýratynam gyzykly futbola janköýerlik eden tarapdarlar sişenbe günki Napoli–Liwerpul ýa-da Borussiýa Dortmund–Barselona duşuşygyndan haýsy hem birini saýlamaly bolarlar. Çarşenbe güni-de şonuň ýaly bolup, PSŽ–Real Madrid ýa-da Atletiko–Ýuwentus klublarynyň özara duşuşyklary esasy üns merkezdäki duşuşyklardyr. Bulardan başga-da Çelsi–Walensiýa, Lion–Zenit, Aýaks–Lill ýaly duşuşyklar hem 1-nji tapgyryň esasy oýunlarynyň hataryna görkezilýär.

Duşuşyklar barada kelam-agyz aýtsak, 4 duşuşyk Aşgabat wagty bilen 21:55-de başlar. Olar sişenbe gündäki Lion–Zenit, Inter–Slawiýa hem-de çarşenbe gündäki Olimpiakos–Tottenham bilen Klub Brýugge–Galatasaraý duşuşyklarydyr. Galan beýleki 12 duşuşyk sişenbe we çarşenbe günlerinde ýarygije Aşgabat wagty bilen 00:00-da (24:00) başlanýar.

NAPOLI–LIWERPUL

Sişenbe günki oýunlaryň 2 esasy oýnuna ser salsak, soňky çempion Liwerpul täze möwsüme Italiýada myhmançylykdaky Napoli duşuşygy bilen başlar. Iki topar geçen möwsümde-de toparçalarda duşuşypdy. Şonda her topar öz meýdançasynda 1-0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Nobatdaky oýun olaryň özara 5-nji duşuşygydyr. Öňki 4 oýunda Liwerpul 2, Napoli 1 gezek ýeňiş gazandy. 1 oýun deňlikde tamamlandy. Gollarda Liwerpul 4-2 öňde. Liwerpulyň iň uly ýetmezçiligi derwezeçisi Allison Bekeriň şikesli bolmagydyr. Milli çempionatda 5 oýunda ýeňlişsiz barýan Liwerpul bir ädim öňde görünýär. Ýöne tejribeli Karlo Ançelottiniň tälimçiligindäki Napoliden myhmançylykda ýeňiş bilen dolanmagam o diýen ýeňil düşmese gerek. Toparçadan çykmagyna garaşylýan iki toparyň duşuşygynyň deňlikde gutarmagy-da ähtimal.

BORUSSIÝA DORTMUND–BARSELONA

Çempionlar ligasyny soňky gezek 2015-nji ýylda gazanan Barselona üçin kubogy eýelemegiň wagty geldi, hatda geçibem barýar. Duşuşyklaryny şikesi sebäpli Messisiz dowam etdirýän Barselonanyň täze möwsümdäki 1-nji duşuşygy myhmançylykda bolar. Nemes topary Dortmundyň Borussiýasy öz meýdançasynda Barselonany kabul eder. Soňky gezek 1998-nji ýylda UEFA Super kubogynyň duşuşygynda duşuşan iki toparyň bu oýny özara 3-nji duşuşyklary bolar. Şübhesiz duşuşygyň esasy faworiti Barselona bolsa-da Dortmundyň Borussiýasy hem öz meýdançasynda ýan bererli däl. Şol Super kubogy duşuşyklarynda Dortmunddaky oýun 1-1, Barselonadaky duşuşyk bolsa, 3-1 ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlanypdy. Rumyniýaly Owidiu Haseganyň eminlik etjek oýnunda Messiniň çykyş edip-etmejekdigi häzirlikçe belli däl.

ATLETIKO MADRID–ÝUWENTUS

Çarşanbe günüň 2 esasy duşuşygynda super ýyldyz Kristiano Ronaldonyň öňki topary Real Madrid PSŽ bilen oýnasa, häzirki topary Ýuwentus myhmançylykda Atletiko bilen duşuşar. Iki duşuşyk hem janköýerleriň üns merkezinde bolar. Wanda Metropolitanada Ýuwentusy kabul etjek Atletiko Madridiň iň çekinýän futbolçysy, elbetde, Kristiano Ronaldo. Ronaldonyň Atletikonyň derwezesinden geçiren gollarynyň sany az däl. Hatda geçen möwsümde 2-nji tapgyrda Atletiko öz meýdançasynda Ýuwentusy 2-0 ýeňipdi. Ýuwentus bolsa öz meýdançasynda Kristiano Ronaldonyň biri-birinden owadan 3 goly bilen ýeňip, çärýek finala çykdy. 2014-nji ýylda toparçalardaky 2 oýunda-da 0-0 we 1-0 netijeleri hasaba alnyp, ispan topary ýeňiş gazanypdy.

PSŽ–REAL MADRID

Tutuş tomsy Neýmaryň transfer gürrüňleri bilen geçiren PSŽ-niň täze möwsümdäki ilkinji uly synanyşygy Real Madrid bilen bolar. Transfere 300 milliondan gowrak maýa goýan we Çempionlar ligasyny iň köp eýelän Real Madrid topary soňky La Ligada 2 deňlikden soň, kynlyk bilen ýeňiş gazandy. Edil PSŽ hem şonuň ýaly milli çempionatda Neýmaryň soňky minutlardaky goly bilen 3 utuga eýe boldy. Iki klub mundan ozal, 8 gezek duşuşdy. Şolaryň 4-sinde Real, 2-sinde PSŽ ýeňiş gazandy. 2 oýunda-da deňlik boldy. Gollarda-da 11-9 ispan kluby öňde. Iki toparyň soňky 2 oýnunda Real myhmançylykda 2-1, öz meýdançasynda-da 3-1 ýeňipdi. 

Şu günki (sişenbe, 17-nji sentýabr) boljak duşuşyklar:
Lion–Zenit (21:55)
Inter–Slawiýa (21:55)
Napoli–Liverpul (00:00)
Çelsi–Walensiýa (00:00)
Borussiýa D–Barselona (00:00)
Benfika–Leipsig (00:00)
Aýaks–Lill (00:00)
Salsburg–Genk (00:00)

Ertirki (çarşenbe, 18-nji sentýabr) boljak duşuşyklar:
Olimpiakos–Tottenham (21:55)
Klub Brýugge–Galatasaraý (21:55)
PSŽ–Real Madrid (00:00)
Atletiko–Ýuewentus (00:00)
Baýer–Lokomotiw Moskwa (00:00)
Şahtýor Donesk – Mançester Siti (00:00)
Bawariýa–Srwena Zwezda (00:00)
Dinamo Zagreb–Atalanta (00:00)

Hajymyrat Söýünow
sport žurnalisti
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok