Tesla Model 3

2016-njy ýylyň 31-nji martynda ABŞ-nyň Los-Anjelas şäherinde Tesla kompaniýa özüniň täze elektro awtomobili bolan Tesla Model 3-i görkezdi. Tesla Model 3 bu Tesla kompaniýanyň 3-nji awtoulagy bolup özüniň doganlary Tesla Model S we Tesla Model X modellerine goşuldy.

Daş keşbi boýunça Tesla Model 3 özüniň dogany bolan Tesla Model S-iň  kiçeldilen görnüşine meňzeşdir, esasanam gapdal taraplary. Emma öňi bolsa doly üýtgedilip, täze optika, täze bamperler we Model S-de bolan hakyky däl gözenekleri aýyrylan. Tokda hereket edýän awtoulaglar üçin hiç hilli gözenekleriň geregi ýok.

Awtomobiliň salonyň dizaýny örän ýönekeý bolup, 5 adamlyk ýer, awtomobili dolandyrmak üçin rol we ortada ýerleşdirilen 15 dýumlyk ekran. 15 dýumlyk telewizor diýsek hem ýalňyşmarys.  Awtomobiliň ähli informasiýalary ýagny, awtomobiliň tizliginden başlap tä sowadyjylara çenli ählisini 15 dýumlyk ekranda ýerleşdirilen we şol ekran bilen ähli zady kontrol edip bolýar.

Ähli elektro awtomobillerinde boluşy ýaly Tesla Model 3 de hem 2 sany bagajy bar. Jemi bagajy 425 litre barabar.

     Häzirki wagtda Tesla Model 3-i 2 görnüşinde hödürlenýär. Tesla Model 3 (P60) we Tesla Model 3 (P85). Tesla Model 3 (P60) 235 güýçli elektromotor we göwrümi 60 kw/s akkumulýator ýerleşdirilen. Bu bolsa awtomobiliň bad alyşy 100 km/sag- 5,8 sekunt bolup ýokary tizligi 209 km/sag barabardyr. Zarýadyny doldyrandan soňra awtomobil ýol geçijiligi ortaça 354 km ýetýär.

     Tesla Model 3 (P85) Long Range bolup, munda göwrümi 85 kw/s akumulýator otyrdylan. Bu bolsa ýol geçijiligi 499 km ýetýändir. Ýokary tizligi bolsa 225 km/sag we bad alyşy 100 km/sag 5,3 sekuntdyr. Awtomobili zaraýada goýmak üçin öýdäki toklardan hem goýup bolýar we ýöriteleşdirilen Supercharger stansiýalarda hem goýsaň bolýar.

     Tesla Model 3 (P60) ýöriteleşdirilen stansiýalarda zarýada goýanyň 30 minutda 209 km ýol geçerlik tok alyp bilýär, eger öýdäki toklarda goýanyňda ýarym sagatda 48 km ýol geçerlik tok alýar.

     Tesla Model 3 (P85) ýöriteleşdirilen stansiýalarda zarýada goýanyň 30 minutda 274 km ýol geçerlik tok alyp bilýär, eger öýdäki toklarda goýanyňda ýarym sagatda 59 km ýol geçerlik tok alýar.

     Elbetde Tesla kompaniýa ýüz tutup öz awtoduralgalaryňyzda hem ýöroteleşdirilen Supercharger tok geçiriji goýdurup bolýar.

“Supercharge” stansiýasy

     Tesla Model 3 görkezilenden soňra sargap bolýar. Sargama güninden soňra 6 aýdan soň jemi 500 000 sany adam Tesla Model 3-i sargapdyr. Başlangyç görnüşi Tesla Model 3 P60-yň bahasy 35 000 ABŞ-nyň dollaryna barabardyr.  Tesla Model 3 P85 44 000 ABŞ-nyň dollaryna barabardyr. Mundan başgada Tesla Model 3 Autopilot hem sargap bolýar bu bolsa öz bahasynyň üstüne 5 000 ABŞ-nyň dollary goşulýar.  

     Hormatly okyjylar eger siz Tesla kompaniýanyň başgada awtoulaglary barada maglumat bilesiňiz gelse komentariýa ýazyp bilersiňiz.

Abdulkerim Hamedow

Teswirler

2020 Audi RS7 Sportback — IN ASHGABAT

[…] aýyrylyp diňe elektriki taýdan dolandyryş görnüşine geçilýär. Muňa aýdyň mysal edip Tesla Model 3 alyp […]

Sapar

Awtomobiliñ geljegi tokly maşynlarda!!!