ISLENEN.com öz durkuny täzeledi

ISLENEN.com saýtynyň dolandyryjysy bilen internet arkaly söhbetdeşlik.

         Salam mähriban watandaşlar. Halkmyz tarapyndan giňden ulanylýan, hususan-da ýaşlaryň arasynda ýakyndan tanalýan internet saýtynyň biri bolan “islenen.com” saýtynyň admini (dolandyryjysy) bilen internet arkaly söhbetdeşlik geçirdik. Söhbetdeşligimiziň başynda şeýle sowallar bilen ýüzlendik:

  • Salam! Ilki bilenä biz bilen söhbetdeşlik geçirmeklige razy bolanlygyňyz üçin köp minnetdarlyk bildirip, size şeýle soraglar bilen ýüzlenmek isleýärin. Gysgaça özüňiz  bilen tanyş edäýiň?

  • Salam! Men Begenç Jumamyradow 02.09.1990-njy ýylda doglan. Meň esasy kärim bolsa internet saýtlary döretmek.

  • Begenç, bize şul ugurda ilkinji ädimleriňizden aýdyp beräýseňiz?

  • Ýaşlykdan sungata bolan sarpam uly. Aýdym-sazlary şeýle bir gowy görýän, esasan hem aýdymy. Kiçilikden aýdym aýtmagy, saz gurallarda saz çalmagy arzuw ederdim, emma beýle bagt miýesser etmedi. Şondan soň hem islenen.сom saýt arkaly hyzmata girişdim. Häzir hem şonuň içinde düýpden ýaşamana synanyşýaryn.

  • Saýdyň adyna “ISLENEN” dakmaklygyňyzda belli bir sebäp barmy?

  • Edil belli bir sebäp ýok diýsek hem bolar, ol meniň sungata bolan islegimden dörän hem diýip bolar. Özüm bilen baglyda…

  • Häzirki wagtda üstünde işleýän taslamalaryňyz barmy? Eger bar bolsa bize gysgaça düşündirip beräýiň?

  • Hawa, edil häzir saýtyň içini doly täzeläp otyryn, munyň sebäbi bolsa şu döwre ýakynrak bolar ýaly hemme mümkinçilikler has-da düşnükli bolar ýaly we saýtymyz ýeňil işlär ýaly. Ýöne bu eden işlerimiz bir ýyllyk bolar. Häzirki döwrüni dynyp saýtyň içini priloženiýa stile geçirmekçi. Soňky maksadym bolsa, eger-de poçta saýtlaryna  gireniňizde görýän bolsaňyz, şolar ýaly görnüşe dolulygyna öwürmekçi, häzirki ýagdaýda bolsa şol funksiýalaryň köpüsini ýerleşdirdik.

  • Saýtyň öňki durky bilen täze durkuny nazara alanymyzda has takyk nämeleriň ýeňilleşendigini, nämeleriň üýtgändigini görmek bolar?

  • Meselem, “gözle” düwmesine basyp gözleg edenimizde zagruzkasyz gözleýär. Çatda ýazyşaňda zagruzkalar aýyryldy, başga-da agza bolup girýänleri we giren-çykan wagtlaryny zagruzkasyz görmek bolýar.

  • Size ahyrky şeýleräk sorag; eger-de şul ähli edýän işleriňiziň netijesini bir atalar sözi ýa-da iň halaýan pähimiňiz bilen beýan edip beräýiň.

  • YHLAS BILEN AGLASAŇ, SOKUR GÖZDEN ÝAŞ ÇYKAR. Hakykatdan hem men ähli arzuwlaryma ýetip barýan.  Haýsy kärde hem bolunsa yhlas edip özlerine maksat goýulsa ählisine hem ýetip bolýar eken.

  • Begenç, gyzykly geçen söhbetdeşlik üçin biz size minnetdarlygymyzy bildirýäris.  Biz hem öz adymyzdan mundan beýläk hem size üstünlik arzuw edýäris.

  • Menem size gije-gündiz öz käriňizden lezzet alyp, halkymyza iň täze habarlary ilkinji bolup ýetirýändigiňize minnetdarlygymy bildirýärin. Her sahypaňyzy yzarlaýan, meň üçin-ä gyzykly siziň işiňiz 🙂

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok