Guramanyň täze başlygynyň öňünde täze wezipeler goýuldy

TDH-nyň habar bermegine görä 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň “Mekan” köşgünde geçen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda guramanyň täze düzümini saýlamak meselelerine garaldy. Oňa görä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy wezipesine Ý. Öwezberdiýew, orunbasary wezipesine bolsa Ý. Kerimow saýlanyldy.

Ýazmuhammet Öwezberdiýew, TMÝG-nyň Merkezi Geňeşiniň başlygy

Gurultaýyň dowam edýän pursatlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow forumyň geçirilýän ýerine geldi. Ýaşlar forumynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentinden gurultaýda çykyş etmegi haýyş etdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow, öz çykyşynda ýaşlara gutlag sözleri bilen ýüzlenip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňünde täze wezipeleri goýdy.

Olaryň arasynda ýaşlaryň syýasy hem-de kanuny sowatlylygyny artdyrmak, iş orunlaryny üpjün etmek baradaky giň gerimli işleri alyp barmak, ylmy barlaglara, innowassion tehnologiýalara höwes bildirýän ýaşlara gerekli şertleri, şol sanda internet ulgamyna elýeterliligi giňeltmek, ýaş maşgalalary, çaganyň önüp ösmegini üns merkezine alýan işleri, ekologiýa medeniýetini giňden ýaýmak, döredijilige höweslendirmek maksady bilen festiwallary, duşuşyklary geçirmek ýaly meseleleri bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasy 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredildi. Şol günden bäri Türkmenistanyň “Ýaşlar syýasatyny” durmuşa geçirmek maksady bilen köpugurly işler alnyp barylýar. Dürli ýaşlardaky we pudaklardaky ýaşlary üns merkezinde saklaýan duşuşyklar, bäsleşikler, okuw-türgenleşikleri gurnalýar. Häzirki wagtda 4973 sany ilkinji gurama, 909765 sany agza hasaba alyndy.

TMÝG-nyň Merkezi Geňeşi 2016-njy ýylda www.yashlar.gov.tm elektron saýtyny ýola goýdy. Bu saýtda guramanyň alyp barýan işleri, bäsleşikleri, bildirişleri, makalalary bilen tanyşyp bolýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok