Şu gün Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň söwda edarasynda “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergisi öz işine başlady.
Sergide birnäçe türkmen kärhanalarynyň gatnaşmagy bilen bir hatarda, daşary ýurtly kompaniýalar hem öz orunlaryny aldylar. Serginiň baryşynda birnäçe ýerli kärhanalar we daşary ýurtly kärhanalar bilen gürriňdeşlik geçirdik. Türkmen telekeçiler içerki bazary doly kanagatlandyryp hat-da daşarky bazara eksport etmäne mümkinçilikleriň dörändiklerini aýtdylar. Söhbetdeş bolan kärhanalarymyzyň birnäçesi özleriniň öňlerine goýan maksatlarynyň bardyklaryny belläp geçip, önümçiligiň gerimini has-da giňeltjekdiklerini nygtadylar. Sergi öz işine dowam edýär.
Teswirler