Futbolyň joşguny stadiona sygmady

Futbol boýunça Dünýä we Aziýa kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistan we Koreýa Respublikasynyň ýygyndy toparlarynyň arasynda halkara duşuşyk geçdi. Oýun 0-2 Koreýanyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Bu oýuna tomaşa etmek üçin şäheriň ähli künjeklerinden futbolyň janköýerleri Köpetdag stadionunyň ugruny tutdy. Duşuşygyň boljak ýeri Köpetdag stadionynyň ugry bilen hyzmat berýän köpçülikleýin ulag serişdeleri ýolagçylardan doldy. Köp duralgada raýatlar nobatdaky awtobusa garaşmaly boldy.

Futbolsöýerleriň jekmeli jepasy munyň bilen tamamlanmady. Köpetdag stadionuna iki gapydan höwpsuzlyk barlagyndan geçirip, soň içeri girmäge rugsat berildi. Örän gysga wagtda 26,000 adama niýetlenen stadion futbolyň muşdaklary bilen doldy.

Şol sebäpli artykmaçlyk edýän raýatlar stadionuň gapysynda üýşdi. Stadionyň goragçylary gelýän akymyň öňüni almak, ýa-da azaltmak üçin wagtlaýyn gapylary ýapyk tutdylar, tomaçylary kabul etmegi togtatdylar. Stadionyň içindäki ýagdaý kadalaşanyndan soňra raýatlar alynmaga dowam etdi.

Oturmaga ýer tapmadyk raýatlar merdiwanlarda jaýlaşdylar.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň tarapdarlary uly joşgun bilen öz ýygyndy toparyny goldady.

Oýunyň hasaby Koreýa ýygyndy toparynyň peýdasyna 0-2 bolanynda, türkmen tarapdarlarynyň joşgunyna öz täsirini ýetirdi. Öňki joşgunyň owazy peseldi. Umytlar indiki oýunlara galdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok