Apple prezentasiýa: Iphone 11, Iphone 11 Pro we Iphone 11 Pro Max.

2019-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda Apple kompaniýa Iphone smartfonlaryny prezentasiýasyny görkezdi.

Prezentasiýanyň başyny elbetde adaty boluşy ýaly Apple kompaniýanyň başlygy Tim Kuk başlady.

Ilkinji görkezilen gadjetleriň biri IPad 7-nji nesili bolup durýar.

Soňra bolsa prezentasiýanyň dowamynda akylly sagadynyň 5-nji nesilini görkezdi. Apple watch 5 series özüniň 4-nji nesilinden kän üýtgeşme geçirmedi. Esasy üýtgeşmeler elbetde işleýşiniň dowamlylygyny artdyrmagy. Ikinji üýtgeşme bolsa hemişe açyk displeý. Indi sagat ullanylmasada siziň sazlamalaryňyza göra hemişe wagty görkezip durar ýaly hem edip bolýar.

Apple watch 5 series

      Prezentasiýanyň esasy garaşylan wagty hem ýetip geldi. Tim Kuk täze IPhone atlaryny aýtdy. Olar Iphone 11, Iphone 11 Pro, Iphone 11 Pro MAX.

    Iphone 11- 6,1 dýum displeý Super Retina ekran. Smartfon täze A13 prossesor bilen ornaşdyrylan. Bu prossesir Apple kompaniýanyň aýtmagyna göra häzirki wagtda iň güýçli prosessordyr. Iphone 11 arka ýüzünde 2 sany kamera bolup 2-si hem 12 megapixeldir. Täze üýtgeşmeleriň biri Ultra giň surata almak rejimi. Bu rejimde adaty smartfonlaryň kamerasy 1x surata alsa täze rejimde 0,5x de surata düşürip bilýär. Elbetde bu tehnologiýany Samung, Huawei, Xiaomi ýaly smartfonlarda ýylyň  başynda göripdik.

0,5x, 1x, 2x.

Ýene-de belläp geçmeli zatlaryň biri Night mod rejim. Bu rejimde Apple kompaniýa haýran galdyryjy suraty görkezdi.(Suratda görüp bilersiňiz). Häzirki wagtda gije surata düşürmek boýunça Huaweii P30 Pro birinji orundadyr. 

Night mod

Batareý: belli bir mah derejesini hem aýtmasalar Apple kompaniýa Iphone 11 batareýi geçen ýylda görkezilen Iphone XR dan 1 sagat uzak işleýändigini aýtdy.

    Iphone 11 Pro- 5,8 dýum Super Retina XDR displeý. Iphone 11 den tapawutlylykda arka tarabynda 3 kamera ornaşdyrylyp ählisi hem 12 megapixeldir. Batareý: Iphone XS bilen deňeşdireniňde 4 sagat uzak işleýär.

     Iphone 11 Pro Max- 6,5 dýum Super Retina XDR displeý. Batareý: Iphone XS Max bilen deňeşdireniňde 5 sagat uzak işleýär. Iphone 11 Pro we Iphone 11 Pro max üçin ýörite täze reňk görkezildi. Reňkiň ady Midnight Green bolup ýapyk ýaşyl reňkdedir.

Bahalar: Apple watch 5 series- 399$

Iphone 11- 699$

Iphone 11 Pro- 999$

Iphone 11 Pro Max 1099$

Täze Iphoneler 11-njy sentýabrda öňünden zakaz edip bolar. 20-nji sentýabrda bütin dünýäde satlyga başlar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok