2019-njy 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň merkezi binasynda jemgyýetçilik meselelerine bagyşlanan ýygnak geçirildi. Bu gezekki tema: Ýol hereketiniň howpsuzlygy.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän statistikalar esasynda ýol-ulag hadysalaryndan iň köp şikes alýan topar 15-29 ýaş aralygy, ikinji 5-14 aralygy, üçünji orunda 0-4 soňam bolsa 29 ýaşyň ýokarysy.
Awto ulaglaryň çakyşmagy we pyýada adam kakdyrma ýol-ulag hadysalary statistika boýunça birbirine ýakyn hem bolsa, adam pidasy ýa-da şikes almak pyýadalarda köp bolýar.
Ýol-ulag hadysalaryna sebäp bolýan ýagdaýlaryň arasynda ýokary tizlik, serhoş ýagdaýda sürmek, ýadaw surnagan ýagdaýda ýola çykmak, howpsuzlyk kemerini ulanmazlyk, awtomobiliň tehniki ýagdaýynyň guratlygyny sanap bolýar.
Bu ugurda dünýä bilermenleriniň seljermelerine görä adam kakdyrma hadysalarynyň 60-70% pyýadalaryň gatnaw böleginden ýoluň garşysyna geçilende ýörite niýetlenen geçelgelerden peýdalanmak kadalary dogry ýerine ýetirilmeýänligi sebäpli bolýar. Pyýadalaryň ýoluň garşysyna geçenlerinde ýörite pyýada ýodajyklardan ýa-da ýerasty we ýerüsti geçelgelerden peýdalnmagy howpsuzlygy üpjün edýär.
Pyýadalarda ýol ulag hadysasyna sebäp bolýan başga ýagdaýlary arasynda raýatyň gatnaw zolagynda geçende saýawany, kapşony ýa-da edinde göterýän çagasy bilen görejiniň gapdalyny ýapyp, gelýän ulaglary görmegiň öňüni almagydyr.
Ünsüňi sowýan nauşnik, telefon ýaly enjamlaryň ulanylmagy, gije-gündiziň garaňky döwründe ýola goýy reňk eşikli çykmak heläkçiliklere sebäp bolup bilýär.
Türkmenistanda şol sanda paýtagt Aşgabatda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” biraýlygy geçirilýär. 2013-nji ýyldan bäri däbe öwrülen bu çäre, täze okuw ýylynyň başlanýan döwründe has üns merkezinde saklansa-da, düşündiriş işleri ýylyň dowamynda geçirilip durýar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de partiýa merkezi geňeşiniň guramagynda “Ýollaryň abadanlygy ömrüň rahatlygy” atly wagy-nesil duşuşygy geçirildi.
Ýygnaga partiýa guramaçysy Durdymyrat Ataýew başlyklyk etdi.
Ýygnakda öz çykyşlary bilen TIIM PÝGM-nyň 4-nji bölüminiň başlygy podpolkowni Annadurdy Jyrykow, Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň 2-nji bölümçesiniň başlygy kapitan Rüstem Salamatow çykyş etdi.
Maslahatda ýol ulag hadysalary bilen baglanşykly umumy maglumatlardan daşary, ýetip gelýän ýaş nesle görelde bolmaga çagyryldy. Çagalaryň esasan aýdylan sözlerden däl-de, edilýän hereketleri synlap mysal alýandygy nazara alnanda, ýol hereket howpsuzlygynyň düzgünlerini ilkinji nobatda ulylaryň berjaý etmegi derwaýys mesele bolup durýar.
Aşgabat şäherinde ýollaryň abatlaýyş işleri yzgiderli geçirilýär we 2017-nji ýylda bolsa düýpli gurluşyk geçirildi. Bu döwürde ulaglaryň böwetsiz ýagda geçmäge oňaýly çatryklar, pyýadalar üçin ýerasty we ýerüsti geçelgeler, pyýada ýodajyklar guruldy we ýa-da durky täzelendi. Şeýle-de ýagyşly günlerde gatnaw zolagyndan suwlary toplaýan ýapyk suw toplaýyjy desgalar guruldy.
Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň ýollarynda motopedli, mekdepleriň töwereklerinde bolsa ekowelosipedli polisiýa işgäri hyzmat berýär.
Teswirler