“Aşgabat” aýdym-saz merkeziniň açyk meýdan sahnasynda “Talyp men” aýdymy Täşli Tülegenowyň mahmal owazyndan ýaňlanýar. Ýaşlaryň söýgüli ýaş estrada aýdymçysy Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyby. Onuň bu aýdymy konserti tomaşa etmäge gelen ähli talyp ýaşlaryň köňlündäki buýsanjyny beýany boldy.
Bu ýyl 1-nji sentýabr dynç günine gabat gelmegi aýratyn bir pursata öwrüldi. Ýaşlaryň medeni dynç almaklary üçin konsert we ýokary okuw mekdeplerini halk köpçüligine tanatmak üçin sergi guraldy. Sergi “Milli Garaşsyzlyk” seýilgähi toplumynyň çäklerinde ýerleşýän “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde (amfiteatrda) geçirildi.
Konsert başlamazdan öň 2019-njy ýylda öňe saýlanan bilim işgärleri we mugallymlar üçin sylaglandyryş dabarasy geçirildi.
Bu konsertde diňe talyp ýaşlar çykyş etdi. Konsert ilki bilen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň horunyň ýerine ýetirmeginde “Bugün Watanymda bilim baýramy!” kompozisiýasynyň ýerine ýetirilmegi bilen açyldy.
Göwher Hajymyradowanyň “Tans oýnaly gel”, Begler Nurberdiýewiň “Asmanda aýym”, Gurbanmyrat Annaýewiň “Talyp gözeli” we beýleki talyp aýdymçylaryň ýerine ýetiren aýdymlarynyň owazyna goşulyp, tomaşa edýän talyplar sahnanyň öňündäki meýdançada tans etdiler.
Konsertiň öňüsyrasynda amfiteatra eltýän geçelgäniň ugry boýunça ýokary okuw mekdepleriniň tanyşdyryş sergisi guraldy. Bu ýerde raýatlara bilim ojaklary barada maglumat almaga mümkinçilik döredildi. Galyberse-de bu ýyl käbir ýokary okuw jaýlarynyň täze atlary bilen ilkinji gezek köpçülige sergilenýär.
“Bilimler we talyp ýaşlarynyň güni” mynasybetli geçirilen konsetden gysga pursatlary Twitter hasabymyzdan tomaşa edip bilersiňiz: https://twitter.com/InAshgabat
Teswirler