2020 Mercedes-Benz GLE Coupe

2019-njy ýylyň sentýabr aýynda Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geşjek bütindünýä awtomobil sergisinde Mercedes-Benz kompaniýa özüniň Mercedes-Benz GLE Kupeniň 2-nji nesili görkezjekdigini habar etdi we awtomobiliň birnäçe modifikasiýasynda suratlaryny paýlaşdy.

Mercedes-Benz GLE Coupe ilkinji gezek Mercedes-Benz kompaniýa 2015-nji ýylda görkezdi. Ikinji nesili bolsa özüniň diňe bir daş keşbiniň dizaýny boýunça däl eýsem awtomobiliň içki dizaýnynyň düýp göter üýtgedildi.

Daş keşbiniň dizaýny öň taraby özüniň ýakyn dogany bolan Mercedes-Benz GLE meňzeş bolup awtomobil agressiw bamperleri we gözenekleriniň ullaldylmagy we gözenekleriniň dizaýnyny üýtgemegi bilen has özüne çekijidir. Yzky dizaýny häzirki wagtda hiç bir klassa meňzeş bolman diod optikasy we kupe awtomobillerine mahsus bolan kryşasy bilen has tapawutlanýar. Emma geljekde bu dizaýny Mercedes kompaniýanyň kupe görnüşli krossowerleri hem meňzeş bolar.

Awtomobiliň salony doly özüniň dogany Mercedes-Benz GLE meňzeş bolup, iki sany uly 12,3 dýumlyk ekran. Çep tarapdaky ekranda awtomobiliň ölçeg esbaplaryny görkezýän bolsa, sag tarapdaky ekran awtomobiliň multimediýa sistemasyny we dürli sazlamalary ýerine ýetirýär.

Başlangyç häzirki wagtda awtomobiliň diňe 3 görnüşindäki modifikasiýasy hödürlenýär.

  • Mercedes-Benz GLE 350 d Coupe- motory dizel 2,9 litr R6 bolup iki sany turbina bilen hereketlendirýär. Bu dizel motory 272 at güýje barabardyr.  
  • Mercedes-Benz GLE 400 d Coupe- motory dizel 2,9 litr R6 bolup iki sany turbina bilen hereketlendirýär. Bu dizel motory 330 at güýje barabardyr.  

Mercedes-AMG GLE 53 Coupe- motory 3 litr R6 bolup bu motor ýörite AMG kompaniýa tarabyndan ýasalan motordyr. Bu 3 litr motor  turbo kompressor we elektro motorjyklar bilen hereketlendirýär. Motor 435 at güýjüne barabardyr.

Häzirki wagtda Mercedes kompaniýa özüniň täze GLE kupeniň diňe ABŞ-daky zawotda öndürjekdigini habar berdi.

Abdulkerim Hamedow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok