Google kompaniýasy Android 10-yň çykýan senesini mälim etdi

Häzirki wagtda smratfonlaryň, planşetleriň, akylly sagatlaryň we başgada birnäçe gadjetler Android Operasion sistemasynda işleýär. Google kompaniýa 2018-nji ýylyň ikinji ýarymynda Android 9 Pie operasion sistemasyny ullanyşa çykardy. 2019-njy ýylyň başynda bolsa özüniň Android 10 üstünde işleýändigini habar berdi.

Google kompaniýa eýýäm birnäçe ýyllar bäri özüniň operasion sistemasy bolan Android ýyl-ýyldan kämilleşdirip ösdürip gelýär. Bu ýyl hem 2019-njy ýylda hem kompaniýa bu operasion sistemasynyň täze wersiýasy bolan Android 10-ny Sentýabr 3-ne ullanyşa goýberjekdigini habar berdi. Ilkinji bilen bu kämilleşdirilen operasion sistemany Google kompaniýanyň öz smartfonlary bolan Google Pixel smartfonlary alar. Soňra bolsa wagtyň geçmegi bilen başga smartfonlar we planşetlere hem elýeter bolar.

Däp boluşy ýaly Android operasion sistemanyň ählisiniň ady bir süýji nygmatlaryň atlary goşulýady. Emma indi Google kompaniýa bu däbi goý bolsun etdi. Android 4 KitKat ady Android 9 Pie ady bilen (Pie-pirog)  we başgalary  süýji nygmatlar tanalýan bolsa indi diňe san üsti bilen belgilener.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok