Singapur – ýolbars şäheri

Singapura ilkinji gezek 2002-nji ýylda talyp döwrümde gidipdim. Malaýziýanyň paýtagty Kuala Lumpurdaky Singapur döwletiniň ilçihanasyndan wiza alyp, Pudu Raya awtomenzilden ýörite Singapura gidýän awtobusa mündüm.

9-10 sagat syýahatdan soň Johor Bahru, ýagny Malaýziýanyň Singapur bilen araçäk şäherine ýetdik. Bu ýerde ähli ýolagçylar goşlary bilen ulagdan düşýär. Gümrük we migrasiýa nokatlaryndan geçýär. Nokatlardan geçenden soň garaşyp duran awtobusymyza ýene mündük. Az salymdan, Singapuryň halkara awtomenziline ýetdik.

Aslyýetinde Singapuryň çäklerine girenden soň ulag bilen baglanşykly hiçhili mesele ýok eken. Singapur ada-şäher-döwlet bolanlygy sebäpli ähli nokatlaryna köpçülikleýin ulag serişdesi bilen baryp bolýar.

Singapurlylaryň aglaba bölegi monoreýl, awtobus ýa-da taksi hyzmatlaryndan peýdalanýar. Sebäbi, şahsy ulag satyn almak we ulagy goýmaga ýer tapmak kyn mesele. Şäheriň ýer gytçylygy bar.

Singapuryň özi söwda merkezi bolup, özünde önümçilik ýok. Malaýziýa, Indoneziýa ýaly goňşulary bilen ýakyn gatnaşyk saklaýar.

Gezelenje gelenligim sebäpli, wagtym çäkli. Şol sebäpli syýahatçylyk nokady bolan Sentoza adajygyna tarap ýöreýän. Esasy ada bilen Sentoza adajygynyň arasyndan köpri geçýär.

Sentozada dürli güýmenjeler, muzeý eksponatlary, park köpçülige hyzmat berýär. Bu adanyň öz içinde monoreýl bilen gezip, daş-töwerege tomaşa edip bolýar.

Singapurda geň galan zatlarymyz hem az bolmady. Mysal üçin tüýkürmek, sakgyç çeýnemek gadagan. Düzgün bozanlar üçin uly mukdarda jerime bar. Elbetde, köp ilatly kiçi şäheri tertipde saklamak üçin beýle çäreler zerur bolup durýar. Singapury arassaçylygy we tertibi Aşgabady ýatladýar.

Bilim ulgamynda-da Singapuryň özboluşly aýratynlygy bar. Orta mekdeplerde matematiki almally öwretmegiň “Singapur usullary” häzirki wagtda dünýä pedagogika usulçy alymlarynyň üns merkezinde.

Ýene bir bellemeli zat, Singapur biznes merkezi we köp harajat import bolanlygy sebäpli, harytlar adatydan gymmat. Şol sebäpli serişdeleri tygşytly ulanmaly. Meniň özüm ýatak jaý üçin artykmaç çykdajy etmekden gaçyp, irden baryp, agşam giçki awtobus bilen Malaýziýa yzyma gaýtdym.

Singapuryň ykdysadyýetini diňe portuň işjeňliginiň hasabyna dikelden bolsa, döwrebap Halkara Türkmenbaşy deňiz portunyň Türkmenistanyň ykdysady görkezijileri götermekde uly orny boljakdygyny iki uçsuzdyr.

Makala “Singapur – ýolbars şäheri” diýenimiň sebäbini soraýan bolsaňyz, bu at malaý dilindäki manysy. “Singa” – ýolbars, “pura” – ybadathanasy.

Merdan Ataýew
TSTP-nyň Aşgabat şäher komiteti

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok