2019 Mercedes-Benz CLA we MBUX multimediýa sistema

2019-njy ýylyň 1-nji ýarymynda ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde geçen CES(Consumer Electronics Show) özüniň Mercedes-Benz CLA klassynyň 2-nji nesilini görkezdi.
Näme üçin elektronika sergisinde Mercedes özüniň CLA klassyny görkezdi? Edil şol wagtda ABŞ-nyň Detroit şäherinde awtomobil sergisinde görkezmedi? Munuň sebäbi Mercedes  özüniň täze multimediýasy bolan MBUX özgerdilen görnüşini görkezdi. Bilşimiz ýaly ilkinji gezek MBUX multimediýasyny Mercedes kompaniýa 2018-nji ýylyň 1-nji ýarymynda Las Wegasda geçen CES-de görkezdi.

Bu multimediýanyň özgerdilen görnüşine nämeler girýär? Indi täze multimediýany dolandyrmak üçin ekrana basmak hökmän däl.  Barmaklaryňyz bilen gerek ýerine eliňizi uzatsaňyz bolany. Başgada ses bilen dolandyrmagyň kämilleşdirilen görnüşi. Bu sistemanyň söz baýlyklaryny köpeldilmegi we has çylşyrymly soraglara düşünmegi. Sesi tanama funksiýasynyň goşulmagy bilen indi kim birinji açar sözi bolan “Hey Mercedes” diýse şol adamyň aýtjak indiki sözlerini diňleýär. Hereket bilen dolandyrmak. Hereket bilen dolandyrmak sistemany MBUX multimediýada indiwidual düzmek bilen indi siziň barmaklaryňyz bilen goýan hereketleriňize göra  hereket edýär. Meselem aýdymyň sesini gatalmak-peseltmek, menýudan yza çykmak ýaly funksiýalary eliňiziň herekedi bilen ýerine ýetirip bilersiňiz.

Täze Mercedes-Benz CLA daş keşbiniň dizaýny boýunça özüniň uly dogany bolan Mercedes-Benz CLS çalymdaşdyr. Häzirki wagtda iki görnüşi hödürlenýär. Mercedes-Benz CLA 200 we Mercedes-Benz CLA 250.
Mercedes-Benz CLA 200- 1,3 litr 163 at güýje barabardyr. Mercedes-Benz CLA 250- 2 litr 224 at güýje barabardyr.

Iki hödürlenýär görnüşleri hem doly tekerleri işleýän ýa bolmasada diňe öňki tekerleri işleýän görnüşinde saýlap bolar. Mercedes-Benz CLA Shooting Brake bu görnüşi biziň ýurdumyzda hiç hilli getirilmedi diýsegem ýalňyşmarys. Shooting Brake bu awtomobiliň furgon görnüşidir. Ýewropanyň bazary üçin dizel görnüşini  hem hödürläp başlanylmaly. Awtomobil 2019-njy ýylyň Maý aýynda satlyga başlady. Mercedes-Benz CLA Shooting Brake bolsa 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda satlyga başlar.

Mercedes-Benz CLA 1-nji nesili 6 ýylyň dowamynda 750 müň sanysy satyldy. Bu bolsa gowy netijeleriň biri. Türkmenistan döwletinde hem Mercedes-Benz CLA klassynyň 1-nji nesili giňden peýdalanylýar. Biz hem size geljekde Mercedes-Benz CLA klassynyň Shooting Brake görnüşini göz öňüne tutmagyňyzy maslahat berýäris. Näme üçin esasy Shooting Brake? Muňa esasy 2 sebäbi bolup biler.

Mercedes-Benz CLA Shooting Brake

  1. Awtomobil özüniň gabaritynyň kiçi bolmagy sebäpli yzky otyrgyçda otyrjak adamlara diskomfort döredýär. Shooting Brake görnüşinde bu diskomfortlar bolmaz.
  2. Mercedes-Benz CLA 1-nji nesiliniň bagajy 470 litr bolsa, gynansakda ikinji nesilinde munuň möçberi 460 litra geldi. 1-nji nesiliniň Shooting Brake görnüşiniň bagajy 495 litr yzky otyrgyçlary ýatyranyňda 1354 litr barabardyr. 2-nji nesiliniň Shooting Brake görnüşi 505 litr barabardyr. Bu bolsa awtomobiliň ykjamlylygy has ýokarlandyrýar. Meselem bazarda kartoşka ýüklemeli bolanda 🙂

Mercedes-Benz CLA Shooting Brake

     Mercedes-Benz CLA klassy barada size gyzykly bolsa komentariýa ýazyň we size Mercedes-AMG CLA 35 we Mercedes-AMG CLA 45 barada makalalar taýýarlarys.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok