Need For Speed: Heat

Awgust aýynyň 14-ne Electronic Arts kompaniýasy özüniň resmi saýtynda täze çykjak Need For Speed: Heat treýler wideosyny görkezdi. Wideo gaty uzak hem bolmasa-da, wideoda oýunda boljak käbir ýagdaýlary görmek bolar.

Täze Need For Speed: Heat oýuny düzen Ghost Games studiosy bu oýun düzüjileriň toslanyp alynan Palm-City şäherinde bolup geçýär. Elbetde NFS oýunlaryň köpüsinde boluşy ýaly bu täzesinde hem bikanun ýaryşlar, polisiýalar bilen çekeleşikler bolup geçýär. Polisiýalaryň herekedi oýunda gije we gündiziň esasynda üýtgeýär. Gündizine ýörite düzülen ýaryşlar bolup oýunda esasy pul gazanylsa, gijesine bikanun ýaryşlar geçirip awtomobile dürli sazlamalar üçin  gerekli şaýlary gazanmak bolar.

Oýunyň demo görnüşini oýnamak üçin awgust aýynyň 19-na  Germaniýada geşjek Gamescom sergisinde rugsat beriler. Oýunyň doly görnüşi bolsa 2019-njy ýylyň noýabr aýynyň 9-na Xbox, PS4 we PC elýeter bolar. Häzirki wagtda Electronic Arts kompaniýanyň resmi saýtynda NFS: Heat sargamak bolar. Baha: 55,99$ barabar.

Comments

No comments found.