“LA LIGANYŇ” TÄZE MÖWSÜMI BAŞLADY

Häzirki wagtda UEFA-nyň TOP – 5 ligasynyň arasynda Ispaniýanyň “La Ligasy” öňde barýar. Elbetde, bu sanaw UEFA-nyň ýaryşlarynda gazanylan kuboklar boýunça taýýarlanylýar. Mundan 2 möwsüm ozal “La Liga” dünýäniň 2 super ýyldyzyny (Messi bilen Ronaldo) özünde jemleýärdi. Aslynda Ronaldo bilen Messiniň “La Ligadaky” bäsdeşligi 9 möwsümläp dowam etdi. Bu bolsa, gönüden-göni futbol janköýerleriniň hemmesiniň diýen ýaly ünsüniň 2009–2018-nji ýyllar aralygynda “La Liga” jemlenmegine getiripdi. Ronaldonyň “Ýuwentusa” geçmeginden soň, Messi bilen Ronaldonyň arasyndaky bäsdeşlik az-owlak hem bolsa, gowşady. Şol nukdaýnazardan indi, ähli ünsler “La Ligada” jemlenenok. Muňa garamazdan, “La Liga” “La Liga” bolýar.

Çempionatyň täze 89-njy möwsümi düýn badalga aldy. Çempionatyň täze möwsümi “Atletik Bilbao” –Barselona” duşuşygy bilen açyldy. Duşuşykda katalonlar 1-0 hasabynda ýeňlip, möwsüme şowsuz başlady.

62 KLUBUŇ 9-SY ÇEMPIONLYK GAZANDY

Şu ýylyň fewral aýynda döredilenine 90 ýyl dolan La Ligada hemmä mälim bolşy ýaly, 20 klub çykyş edýär. Olar Ispaniýanyň 9 territorial zolagyna wekilçilik edýär. Iň köp klub Madrid hem-de Bask zolagyndan bolup, her zolakdan 4 klub bar. Andalusiýadan, Walensiýandan 3, Kataloniýadanam 2 klub çykyş edýär. Balearik adasyndan, Kastile we Leon zolagyndan, Galisiýadan hem-de Nawarreden 1 klub “La Ligada” özüni görkezer. Şu wagta çenli “La Ligada” 62 klub çykyş etdi. Ispaniýanyň “La Ligasynda” diňe 3 topara mundan öňki 88 möwsümiň ählisinde çykyş etmek miýesser etdi. Ýagny “Real Madrid”, “Barselona” we “Atletik Bilboa” aşaky liga ýeke gezek hem düşmän “La Ligada” çykyş edip gelýär.

Şeýle-de “La Ligada” çykyş eden 62 toparyň diňe 9-syna çempionlyk gazanmak başartdy. Olar “Real Madrid” (33 gezek), “Barselona” (26), “Atletiko Madrid” (10), “Atletik Bilbao” (8), Walensiýa (6), “Real Sosiedad” (2), “Deportiwo (1), “Sewilýa (1) we “Betis” (1) klublarydyr. “La Ligada” soňky ýyllarda çempionlyk esasan 2 ýa-da 3 toparyň arasynda çalşyp durýar. Köplenç “Barselona” bolsa, wagtal-wagtal “Real Madrid” çempionlygy ýatlaýar. Olaryň arasyna irki ýyllarda “Walensiýa” ýa-da “Deportiwo” hem goşulypdy. Soňky 5 ýyllykda bolsa, şeýle taryhy başarnyk 1 gezejik “Atletiko” toparyna başartdy.

“EL KLASIKOLAR”

Dünýäniň iň köp tomaşa edilýän duşuşyklarynyň hatarynda öňdäki orny eýeleýän “El Klasiko” oýunlarynyň bu ýyl hem edil gyzykly bolmasa-da, dartgynly geçjekdigine şübhe ýok. Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan “El Klasiko” derbisi, ýagny “Barselona”–“Real Madrid” duşuşygynyň birinjisi şu ýylyň 27-nji oktýabrynda “Kamp Nouda”, jogap oýny-da geljek ýylyň 1-nji martynda “Santiago Bernabeuda” oýnalar. “El Klasikolarda” Ronaldo oýnamaýan hem bolsa, ol hemişe-de El Klasiko bolýar.  

La Liganyň täze möwsüminde haýsy topar çempion boljakdygy janköýerlerde eýýämden uly gyzyklanma döredýär. Futbol bilermenleriniň hem-de bukmeýkerleriniň çaklamalaryna görä, bu möwsümde-de çempionlyga has golaý topar “Barselona”.

“BARSELONA” BIR ÄDIM ÖŇDE

Tälimçisi Ernesto Walwerde bilen ýoluny dowam etdirýän “Barselonada” hemmeler şübhesiz Lionel Messi uly ynam bildirýär. Milli ýygyndyda bolup geçen wakalar sebäpli moral taýdan tomus paslyny o diýen ýokary ruhubelentlik bilen geçirip bilmese-de Messi üçin “Barselonanyň” manysy juda başgaça. Antuan Grizmann, Frenki de Ýong ýaly oýunçylary hataryna goşan katalonlar Neýmara hem täzeden Barçanyň köýnekçesini geýdirmegiň bosagasynda. Mahlasy, Messi, Suares, Pike, Artur, Buskets, Ýordi Alba ýaly ýyldyzlaryň çykyş edýän “Barselonasy” täze möwsümde çempionlygyň birinji derejeli dalaşgäri hasaplanýar. Şol bir wagtyň özünde “Barselonyň” öňünde ýene bir bäsleşik bolup, ol hem 4 ýyldan bäri gazanyp bilmeýän Çempionlar ligasy bäsleşigidir. Soňky ýyllarda Çempionlar ligasynda garaşylmadyk ýagdaýda garşydaşlaryndan asgyn gelýän “Barselona” esasy ümzügini bu ýaryşa-da berer.

“REAL MADRID” HEMIŞE-DE “REAL MADRID” BOLÝAR

“Barselona” toparynyň çempionlygyna böwet bolup biljek klub, elbetde “Real Madrid” ýa-da “Atletiko Madriddir”. Olaryň birinjisi barada kelam-agyz aýtsak, Edin Hazar, Luka Ýowiç, Militao, Mendi ýaly futbolçylar üçin 300 million ýewro sarp eden “Real M” ýoldaşlyk duşuşyklarynda o diýen şowly oýun görkezip bilmedi. Üstesine-de Beýl, Modriç ýaly oýunçylaryň topardaky ykbaly entegem doly belli däl. Tälimçi Zidan toparyň ýolbaşçylaryndan Pol Pogba ýa-da Kristian Erikseniň topara alynmagyny isleýär. Häzirki wagtda näçe meselesi bolsa-da, “Real Madrid” hemişe “Real” bolýar. Dünýäniň iň uly kluby hasaplanýan “Real Madridiň” bu ýylda-da esasy ýyldyzlary Serhio Ramos, Karim Benzema, Marselo, Kasemiro, Kroos hem-de täze transferlerden Hazar, Militao bolar. Tälimçiniň Iskodyr Beýli yzygiderli oýnadyp-oýnatmajakdygy bolsa häzirlikçe belli däl. Zidanyň ýolbaşçylygynda yzly-yzyna 3 Çempionlar ligasy kubogyny gazanan Real 1 ýyllyk arakesmeden soň, ýene-de iň arzyly kubogy gazanmagyň ýoluny hem külterlär.

“ATLETIKO MADRID” TÜÝÜNI TÄZELEDI

Bu topardaky 8-nji möwsümine gadam basan argentinaly tälimçi Diego Simeona madridiň beýleki tarapyna ýene bir çempionlyk gazandyrmagyň arzuwynda. Şol bir wagtyň özünde-de onuň iň esasy arzuwy 2 gezek finaldan eli boş gaýdan ýaryşy Çempionlar ligasynda kubogy asmana götermek. Şonuň üçin transfer möwsüminde gaty jomartlyk görkezen topar türkmençe aýdylanda, tüýüni täzeledi. 10-dan gowrak oýunçysyny ugradyp, olaryň deregine-de şonçarak futbolçy transfer eden Atletiko täze dogup barýan ýyldyz oýunçy Žoao Felikse uly ynam bildirýär. Goragdaky 3 weteran oýunçysynyň deregine täze futbolçylar alan “Atletikonyň” 2 ýaryşy hem ýokary depginde alyp barmagyna garaşylýar. Esasy ýyldyzy Grizmannyň öwezini Feliks bilen dolan Atletiko ýoldaşlyk duşuşyklarynda gowy netijeler gazandy.

“WALENSIÝA”–“SEWILÝA”: Iki topardan biriniň ýene-de 4-nji orny eýelemegine garaşylýar. Belki olaryň ornuny başga toparlaryň almagy-da mümkin. Iki topar hem tüýüni täzelen klublaryň hataryna goşuldy diýsek öte geçdigimiz bolmaz.

Bulardan başga-da möwsüme “Barselona” ýeňşi bilen başlan Bilbaonyň “Atletigi”, “Real Sosiedad”, “Betis”, “Hetafe” ýaly klublar hem öňdäki orunlar üçin göreş alyp bararlar.

Çempionatyň iň köp gol geçiren oýunçysy ýene-de şikesli ýagdaý uzak wagtlap dowam etmese, Lionel Messiniň ýa-da Luiz Suaresiň, belki-de Žoao Feliksiň bolmagy mümkin. 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok