Awazada 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda geçirilen ‘Türkmen sährasy – 2019″ awtosergisinde Aurus awtomobil brendi hem öz önümini sergä çykardy.
2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçen awtomobil sergisinde täze Russiýanyň awtomobili bolan Aurus Senat S600 awtomobilini görkezdiler. Bu sergide awtomobiliň daşky kuzowy üýtgeşik ýapyk goýy gyzyl reňkinde bolup, salonyny bolsa ýokary hilli göninden ýasalan mele reňkde görkezdiler.
Daş keşbiniň dizaýny boýunça awtomobil öň taraby Rolls-Royce Ghost awtomobiline meňzäp gapdal we yz taraplary bolsa Bentley Flying Spur awtomobiline meňzeşdir. Aurus Senat S600 öň taraby dikligine çyzylan uly gözenekleri we kese görnüşinde parallel diod optikasy bilen özüne çekýär.
Awtomobiliň yz tarapy agras bolup, bu agraslylyk awtomobile has hem ýokary hilli awtomobildigini görkezýär. Yzynyň optikasynyň kiçiligine garamazdan bu awtomobile üýtgeşik owadanlyk berýär.
Aurus Senat S600 salony bolsa Germaniýanyň Mercedes-Benz S-class W222 örän çalymdaşdyr. Esasan hem bu çalymdaşlygy awtomobiliň roly we öňki panelinde ýerleşdirilen iki sany uly displeýi Mercedese meňzeşdir. Bu panelleriň çep tarabyndaky awtomobiliň ölçeg esbaplaryny görkezip, sag tarabyndaky bolsa multimediýa we awtomobiliň dürli sazlamalaryny ýerine ýetirýär.
Awtomobil içi ýokary hilli gönünden we arassalanan ýokary hilli agaçdan edilip, yzky otyrgyça niýetlenip iki sany monitor we ortada ýerleşdirilen awtomobiliň sazlamalaryny ýerine ýetirmek üçin kiçiräjik displeý ýerleşdirilendir.
Aurus Senat S600 häzirki wagtda diňe 4,4 litr V8 biturbo motorynda hödürlenip, bu motor 598 at güýje barabar bolup, motorda goşmaça elektro motorlar hem ýerleşdirilendir. Awtomobiliň bu motory НАМИ institutynyň hünärmenleri we Germaniýanyň öňde baryjy kompaniýasy bolan Porsche kompaniýanyň injenerleri bilen bilelikde düzülendir.
Aurus kompaniýa Aurus Senat S600 sedanyň esasynda bu awtomobiliň bronirlenen limuzin görnüşi Aurus Senat L700 hem düzülendir. Aurus Senat L700 esasy ýokary wezipeli adamlar üçin niýetlenen. Geljekde Aurus kompaniýa özüniň Aurus Senat L700 üçin täze motory ýagny 860 at güýje barabar boljak V12 motoryny döretjekdigini habar berdi.
Abdulkerim Hamedow
Teswirler