Aşgabatly topar futbol boýunça halkara ýaryşyň ýeňijisi boldy

2019-njy ýylyň 7-11-nji awgust aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde 12 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçen “Hazar kubogy” futbol boýunça halkara ýaryşda Aşgabadyň ýygyndy topary ýeňiji boldy.

Aşgabadyň ýygyndy toparynyň tälimçisi Eziz Annamuhammedow ýetginjek futbol topary bilen işleşmegiň özboluşly kynçylyklary bardygyny, heniz çaga ýaşda bolanlary üçin takyk görkezmeleri berip netije garaşylan ýagdaýynda aljyraňlyk döredýändigini, bu bolsa netijä täsir edýändigini belläp geçdi. Topara edil türgenleşikdäki ýaly erkin oýnamaga rugsat berip, goranyş üçin iň gowy usulyň hüjüm bilen boljagy nazara alyndy. Tälimçi E. Annamuhammedow garşydaşlarynyň oýnaýyş taktikalaryny hem çuň öwrenip, öz toparynda her oýunda täze taktika we strategiýa bilen çykyş etdiler.

Toparyň  hüjümçisi Ýusup Orazow turniriň dowamynda 5 gol garşydaşynyň derwezesine geçirmegi başardy. Lotus toparyna garşy geçen duşuşykda 2 goly geçirdi.

Jemşit Mädeminow turniriň iň ökde oýunçysy diýen baýragyna eýe boldy.

Gatnaşyjy toparlaryň hersi birbiri bilen oýnan aşgabatly, jemi 6 duşuşyk geçirdi. Olar şu tertipde geçirildi:

08.08.2019 – “Kurmangazi” 2:2 Aşgabat ýyg.
09.08.2019 – Gazagystan 1:4 Aşgabat ýyg.
09.08.2019 – “Wolgar” 2:2 Aşgabat ýyg.
10.08.2019 – Aşgabat ýyg. 2:1 “Astrahan
10.08.2019 – “Neftçi” 2:3 Aşgabat ýyg.
11.08.2019 – Aşgabat ýyg. 5:1 “Lotos

Turniriň netijesinde 14 utuk gazanan Aşgabat ýygyndysy ýeňiji boldy. 11 utuk gazanan “Lotos” (Kalmyki) 2-nji orna, ýene 11 utuga eýe bolan “Neftçi” (Azerbeýjan) 3-nji orna mynasyp boldy.

Köpsi ilkinji gezek halkara ýaryşa gatnaşýan bu ýetginjekler toparynyň oýunçylary wagtlaryny şadyýan geçirdiler. Hazarýaka döwletlerden gelen beýleki çagalar bilen tanyşyp dostluklaryny berkitdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok