Gurban baýramçylygyny görmek üçin Türkmenistana geldiler

Musulman dünýäsiniň giňden bellenilýän Gurban baýramyny, türkmen halkynda hem özboluşly däpleri bile geçirýär.

Säher ir bilen “gurban şor” ady berilýän däbe görä uly kiçi herkim täzeje eşiklerini geýýär. Metjitlerde baýram namazy okalandan soň, gurbanlyk janlynyň soýulmagy, gurbanlyk sadakanyň ugruna çykylýar. Öýme-öý gurbanlyk gezilýär, duz dadylýar. Çagalar bolsa hiňňillik uçýar, aşyk çöpleýär.

Şeýle gözellikleri öz gözleri bilen görmäge Hytaý Halk Respublikasyndan syýahatçylar Aşgabat şäherinde myhmançylykda boldy. Olar merkezi sirkiň ýanynda guralan baýramçylyk meýdanynda boldular. Bu ýerde bişirilýän tagamlar, bezelen eýwanlar, ýazylan saçaklar, milli egin-eşikleri, jykyr, juwaz ýaly gurallary görüp, türkmeniň etnografiýasy bilen ýakyndan tanyş boldular.

Käbir däplerde meňzeşliklere-de gabat gelendiklerini myhman Zhiyi Song öz gürrüňinde belläp geçdi.

“Türkmenleriň hem gök çaýy, onda-da käsä guýup içmegi Hytaý halkynda hem bardygyny syn etdik. Bular gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugurlary boýunça halklaryň medeniýetlerinde galdyran täsiri bolmaly. Men Türkmenistana gelenime diýseň buýsanýan. Myhmansöýer halky bar. Paýtagt Aşgabat hem arassa we owadan şäher eken. Göwnüňi açýar,” diýip myhman nygtady.

Myhmanlar “Bagtyýar dostlar” HK, söwda nyşany “Trawelco” syýahatçylyk kärhanasynyň çakylygy boýunça geldiler. Mundan başga-da Aşgabat şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy, Nusaý döwlet taryhy-medeni goraghanasy, Döwlet Milli muzeýine, Bagt köşgi, Garaşsyzlyk binasyna gezip gördüler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok