Futbol janköýerleriniň iň söýgüli ligasy – “PREMIER LEAGUE”

Futbol janköýerleriniň iň söýgüli çempionaty Angliýanyň “Premier ligasynyň” täze möwsümine şu gün badalga berler. Möwsümiň ilkinji duşuşygy wise-çempion “Liwerpul” bilen 3 ýyldan soň gaýdyp gelen “Norwiçiň” arasynda bolar. Her tapgyrynda diýen ýaly uly klublaryň özara duşuşygynyň bolýan çempionatynda 1-nji tapgyryň iň esasy oýnunda “Mançester Ýunaýted” bilen “Çelsi” klublary duşuşar.

Angliýanyň “Premier ligasy” ozalky ady Futbol ligasynyň birinji diwiziýasy bolan çempionat dünýäniň iň gadymy çempionaty hasaplanýar. 1888-nji ýylda, ýagny 131 ýyl ozal döredilen çempionat 1992-nji ýylda “Premier liga” adyny alýar. Şondan bäri abraýy has-da artan çempionat häzirki wagtda dünýäniň iň köp tomaşa edilýän, isleg bildirilýän ligasy hasaplanýar. Duşuşyklaryň telewizorlarda görkezmek hukugy iň ýokary bolan çempionatyň duşuşyklaryny ýaýlyma bermek hukugynyň umumy summasy 8 milliard 900 million ýewro deňdir. Bu bolsa 1 duşuşygyň göni ýaýlymy üçin 9 million 400 müň ýewro gerek diýmekdir. Dünýäniň 200-den gowrak ýurdunda 700 million töweregi öýde 4 milliarddan gowrak adam tarapyndan tomaşa edilýän çempionatyň oýunlary-da beýleki ligalara garanyňda, juda ýokary derejede hasaplanýar.

Teleýaýlymlardan gelýän girdejiniň ýokary bolmagy çempionaty aşaky orunlarda tamamlan klublara hem ummasyz pul gazandyrýar. Hatda, çempionaty ortarak ýerde tamamlaýan klublaryň gazanjy beýleki çempionatlaryň – “La Ligadyr” “Serie A-nyň”, “Bundesliganyň” çempionlarynyň gazanjyndan köpdür. Ýewropanyň öňdebaryjy 5 ligasynyň – TOP 5-iň iň eý görülýän çempionatynda täze möwsümde toparlar ýene-de ýüzlerçe oýunçyny hataryna goşdular. Düýn tamamlanan transfer möwsüminde iňlis klublarynyň umumylykda oýunçy transferi üçin sarp eden puly 1 milliard 41 million funt sterlinge deňdir.

“MANÇESTER SITI” – Çempionlygyň iň esasy dalaşgäri elbetde, bu möwsümde hem ýene-de soňky 2 ýylyň ýeňijisi “Mançester Siti” toparydyr. Pep Guardiolanyň tälimçiligindäki topar bassyr 3-nji çempionlygyny gazanmak üçin elde baryny eder. Adatça 3 möwsümden köp bir toparda işlemeýän Pep Guardiolanyň iň esasy maksady-da Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanmakdyr. Soňky 2 möwsümde iňlis klublaryndan asgyn gelýän Guardiola transfer möwsüminde toparyň esasy süňňüni kän üýtgetmedi. “Atletikodan” Rodrini transfer eden klub Sterling, De Bruýne, Aguero, Ilkaý, Bernardo Silwa, Dawid Silwa, Leroý Sane, Gabriel Žesus, Mahrez, Wolker ýaly ýyldyzlaryna bil baglaýar.

“LIWERPUL” – Çempionlygyň ikinji, belki käbir nukdaýnazardan seretsek, belki-de birinji dalaşgäri-de “Liwerpul” toparydyr. Geçen möwsümi Çempionlar ligasynyň çempionlygy bilen tamamlan “Liwerpul” Angliýanyň çempionatynda iň köp çempion bolan 2-nji topar bolup, ondan öňde “Mançester Ýunaýted” bar. “Premier liga” diýlen ady alanyndan bäri çempionlyk gazanyp bilmeýän “Liwerpul” soňky ýyllarda (şolaryň biri geçen möwsümdi) çempionlygyň bosagasyndan gaýtdy, iň soňky tapgyrda çempionlygy gazanyp bilmedi. Ýurgen Kloppuň tälimçiliginde garşydaşlaryna öz oýnuny kabul etdiren “Liwepulyň” ýetip bilmeýän arzuwy “Premier liganyň” çempionlygy. Megerem şu möwsümde has çynlakaý çemeleşip, maý aýynda kubogy ýokary göteren topar bolmak üçin elde baryny etseler gerek. Topar bu ugurda Salah, Mane, Firmino, Wiýnaldum, Wan Deýk, Allison, Aleksandr-Arnold, Keita, Henderson, Fabinio ýaly ýyldyzlaryna uly ynam bildirýär.

“MANÇESTER ÝUNAÝTED” – “Premier ligada” çempionlygyň 3-nji dalaşgäri hökmünde, aslynda, iki topary “Mançester Ýunaýted” bilen “Tottenhamy” görkezse bolar. Olaryň birinjisiniň Fergusondan soň, ilkinji 3-lüge düşmek üçinem kynçylyk çekýär. Žoze Mouriniodan soň, Aleks Fergusonyň şägirdi Ole Gunnar Sulşeri tälimçilige bellän ilki-ilkiler şowly oýun görkezse-de soňlugy bilen azda-kände gowşaklyk duýuldy. Transfer möwsüminiň hereketli klublaryndan bolan “Mançester Ýunaýted” soňky sapar 2013-nji ýylda çempion bolupdy. Reşford, Pogba (eger başga topara transfer bolmasa), Lingard, Mata, täze transfer, iň gymmat goragçy Maguaýr, Matiç, Ýang ýaly oýunçylar bu ýylam toparyň esasy oýunçylary bolar.

“TOTTENHAM” – Soňky gezek çempion bolanyna juda köp wagt geçen (60 ýyl bolup barýar) “Tottenham” Poçettinonyň tälimçiliginde diýseň göze ýakymly oýun oýnaýar. Çempionlar ligasynyň finalyna çykyp, taryhy başarnyk görkezen londonlylar ýene-de o diýen oýunçy transfer etmedi. Dele Alli, Harri Keýn, Hyn-min Son, Eriksen, Alderweireld, Wertongen, Moura, täze transferler Lo Selso bilen ýaly oýunçylar ýene-de toparyň esasy ýükçüleri bolarlar.

“ARSENAL” – “ÇELSI” – Çempionlygyň beýleki 2 dalaşgäri-de elbetde Londonyň 2 wekili “Arsenal” bilen “Çelsi” toparlarydyr. Aslynda bu ikisini öňräkde-de agzamak bolardy. Ýöne Londonyň gök reňklileri täze tälimçi belläni üçin häzirden anyk zat aýtmak. Üstesine-de toparyň transfer gadagançylygy (jerimesi) dowam edýär. Muňa garamazdan, toparyň düzüminde Kante, Willian, Pedro, Kowaçiç, Alonso, Jorjinio ýaly ýyldyz oýunçylar bar. Elbetde, esasy ýyldyzy Edin Hazardy Real Madride ugradan Çelsi onuň ýoklugygyny duýar. Gyşda alnan amerikaly Kristian Pulişiçden hem janköýerleriň tamasy uly. Ozalky oýunçysy Frenk Lampard bilen täze başlangyçlara sary ädim äden Çelsi bu möwsümdäki öňdäki 4-lüge düşse, bu olar üçin başarnyk bolar. Londonyň demirgazygyndakylar ispaniýaly tälimçisi Unaý Emeri bilen şowly oýun görkezse-de, wagtal-wagtal tamany ödänok. Güýçli hüjümleriniň bardygyna garamazdan, goragda gowşaklyk goýberýän “Arsenalyň” çempion bolanyna-da köp wagt, 15 ýyl geçdi. “Mançester Siti” we “Liwerpul” toparlary bilen çempionlyk ugrunda göreş alyp barmak isleýän bolsa, topçular düzümine az-owlak “A” listdäki oýunçylardan goşmaly boljak. Lakazett, Obameýang, Özil, Sokratis, Džaka, täze transferler Pepe, Dawid Luiz, Seballos dagy toparyň esasy ýyldyzlary hasaplanýar.


GARAŞYLMADYK ÇEMPIONLAR
Çempionlyk ugrunda adyny tutan klublarymyzyň hataryna, düzümine birnäçe täze oýunçy goşan “Ewerton”, “West Ham Ýunaýted” klublaryny-da ýüzleýräk hem goşup bileris. Elbetde, wagtal-wagtal Angliýada garaşylmadyk çempionlar ýüze çykman duranok. Iň soňky sapar 2015-2016 möwsüminde “asyryň sýurprizi” hökmünde görülen “Lester Sitiniň” läheňleriň bardygyna garamazdan, çempion bolmagy entek-entekler ýatdan çykmasa gerek. Ondan öňem 1994-1995 möwsüminde “Blekbörn Rowers” topary hemmäni geň galdyrypdy. Şu möwsümde-de şeýle garaşylmadyk çempionlaryň ýene-de ýüze çykmagy-da mümkin. Ýöne uly oligarhlaryň elindäki baý klublar beýle ýalňyşa aňsat-aňsat, ýygy-ýygydan ýol bermeseler gerek.

“Premier liga” adyny alany bäri çempionlyk kubogy diňe 2 şäheriň arasynda gatnap durdy. Mançester bilen paýtagt Londonyň klublary çempionlyklary özara paýlaşdylar. Mançester şäheriniň wekilleri – “Ýunaýted” (13) bilen “Siti” (4) jemi 13 gezek, London şäheriniň “Arsenal” (3) bilen “Çelsi” (5) toparlary-da jemi 8 sapar möwsümi 1-nji hatarda tamamlady. Bu iki şähere diňe ýokarda belläp geçen Blekbörn hem-de Lester şäherleriniň klublary 1 gezekden päsgel berip bildiler. “Premier liga” adyny alany bäri çempionlyk Liwerpul, Birmingem ýaly ozal telim çempionlyk gazanan şäherlere häzirlikçe baryp görmedi. Çempionatda şu ýyl ilkinji gezek gyşky arakesme bolup, toparlar 8-15-nji fewral aralygynda 1 hepdelik dynç alarlar. Galyberse-de täze möwsümden başlap, Wideo kömekçi emin (VAR) ulgamyndan hem dolulygyna peýdalanylar.

Hajymyrat Söýünow, sport žurnalisti.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok