Çagalar “Joş” bilen joşdy

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda aşgabatly mekdep ýaşyndaky çagalara “Parahat” hojalyk jemgyýetiniň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Ýalkym ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän önümçilik kärhanasyna gezelenç mümkinçiligi döredildi.

Bu gezelenje gatnaşan çagalara “Parahat” HJ-niň işini oňat bilýän işgärleri başdan aýak önümçilikde işgärleriň üns bermeli iş kadalaryny, howpsyzlyk üçin etmeli zerurlyklary, öndürilýän önümleriň ýokary hilli bolmasy üçin kärhanada näme işleriň alynyp barylýandygyny düşündirdiler.

Çagalar öz gündelik durmuşda sarp edýän miweli şireleriniň, gazly içgileriniň nähili görnüşde taýýarlanýandygyny öz gözleri bilen gördiler. Kärhananyň ýolbaşçylary çagalara ýörite sowgatlar hem taýynlap çagalara ýetirdiler. Mundan beýläk çagalar bazardaky her önümi görende, onuň öndüriliş prosesi hyýallarynda janlanyp durar.

TSTP-nyň Aşgabat şäher komiteti çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini doly we peýdaly geçirmäge gönükdirilen köpçülikleýin çäreleri gurnamaga dowam edýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok