Täze Lexus modelleri Türkmensähra-2019 awto sergisinde görkeziler

Awazada 11-12-nji awgustda geçiriljek “Türkmensährasy-2019” halkara awto sergisine sanly günler galdy. Bu uly şowhuna türkmenistanly awtomobil muşdaklaryňam arasynda isleg artýar. Muňa bolsa Awaza ugry boýunça serginiň geçirilýän senelerinde uçar we otly petekleriniň satyşyndaky artyşda-da görüp bolýar. Elbetde Hazar Ykdysady Forumyna gatnaşýanlaryňam bu artyşda degerli paýy bar.

“Türkmensähra – 2019” awto sergisine gatnaşjak kompaniýalaryň arasynda “Lexus” awtomobil brendi hem ýer alýar.

2019 Lexus ES XV70

2018 ýylda Hytaýyň Pekin şäherinde geçen bütin dünýä awtomobil sergisinde Lexus kompaniýa özüniň ES modeliniň 7-nji nesilini görkezdi.

Täze Lexus ES köne modeline seredeniňde örän uly üýtgeşmeler geçirdi. Muňa aýdyň mysaly bolup awtomobiliň daş keşbiň dizaýnydyr. Awtomobil has hem gazaply dizaýny bilen özüne çekýär. Birinji bilen göze ilýän zatlaryň biri elbetde awtomobiliň ägirt uly gözenegi. Bu gözenek diňe Lexus ES modelinde uly bolman eýsem ähli Lexus awtomobilleriniň ählisinde hem ullakandyr. Awtomobiliň diod optikasy gazaply bolmagy, gözenekleriniň ullakan bolmagy yzky optikasynyň hem üýtgeşik bolmagy bilen awtomobil söýüjileriniň ählisiniň göwnünden turdy.

Salony özüniň ýokary hilli materiallary bilen ýokary derejeli rahatlygy bilen bu Lexus kompaniýanyň esasy modeli bolan Lexus LS modeline çalymdaşdyr.

2019 Lexus ES-iň esasy düýbi GA-K platformasynda düzülendir (GA-K hem TNGA platforma degişli). Bu platformada Toyota Avalonyň 5-nji nesili hem düzülendir.

Awtomobiliň Lexus ES 350 modeliniň motory 3,5 litr V6 bolup 306 at güýje barabardyr.

Häzirki wagtda Ýewropanyň bazary üçin diňe Gibrid görnüşi elýeterdir. Lexus ES300h Lexus kompaniýanyň täze 2,5 litr gibrid motory otyrdylandyr. Bu motor 218 at güýç bolup benzin ýakyşy ortaça 100 km üçin bary ýogy 4,7 litr barabardyr. Bu bolsa örän gowy netije.

Häzirki wagtda awtomobiliň doly 4 tekeriniň işleýän görnüşi elýeter däldir. Diňe öňki tekerleri işleýän görnüşleri bar.

Lexus ES indeks nomeri XV70 özüniň komplektasiýasy boýunça 5 görnüşi hödürlenýär. (Comfort, Executive, Premium, F Sport we Luxury).

Başlangyç komplektasiýa Comfort- özünde 10 sany howupsyzlyk ýassygy, elektron ölçeg esbaplary, 8 dýumlyk multimediýa we yzky kamera, 2 zonaly klimat kontrol, açarsyz maşyny açmak, start-stop knopka, kruiz-kontrol we 17 dýumlyk diska.

Executive komplektasiýa- ýagyş datçigi, roly we aýnalary elektro ýyladyş, öňki otygyçlary sowadyş we ýyladyş, natural gön (кожа), yzky aýnalaryna elektrik setka, “kör” zonalary barlamak we 18 dýumlyk diska.

Premium komplektasiýa- 360 gradus kamera, bagajy awtomatiki açmak we ýapmak we Lexus Safety System+ paketi.

F Sport komplektasiýa- Lexus kompaniýa özüniň Lexus GS modeliniň zawotdan çykarmagyny ýatyrmagy sebäpli ilkinji gezek Lexus ES modeli üçin F Sport komplektasiýasyny hödürlenýär. Bu komplektasiýanyň içinde sport otyrgyçlar, dekor, gazaply bamperler we aýratyn F sport üçin 19 dýumlyk diska.

Luxury komplektasiýa- bu esasy komplektasiýa bolup özünde 3 zonaly klimat kontrol, depesi panorama, ölçeg esbaplarynyň proýeksiýasy, yzky otyrgyçlary ýyladyş, Mark Levinson audio sistema, otyrgyçlar Semi-aniline göninden(кожа) we 12,3 dýumlyk mediýa sistema nawigatory.

Abdulkerim Hamadow

Teswirler

Han

gowy makala eken ýenede dowam ediñ şeýle makalalary

Han

gowy makala eken ýenede dowam ediñ şeýle makalalary zat