Türkmenistanyň Prezidentiniň dynç alyş pursatlary

2019-njy ýylyň 4-nji awgustynda “Watan” habarlar gepleşiginde häzirki wagtda zähmet dynç alyşynda bolan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, dynç alýan käbir pursatlaryny ýaýlyma goýberildi.

Şekillerde Berdimuhammedowyň welosipedli gezelençde bolýan, Aşgabat Olimpiýa şäherjiginde hökümet ýolbaşçylary bilen bilelikde sport bilen meşgullanýan, atçylyk toplumynda “Şapolat” atly bedewine münýän, awtoralli sport ulagyny sürýän, we beýleki birnäçe pursatlary görkezildi.

Şeýle-de wideo şekilli habarda türkmen baştutany döredijilik bilen meşgullanýan pursatlaryny hem görüp bolýar. Ol nobatdaky aýdymynyň sazyny ses studiosynda ýazga aldy. Türkmen alabaý itleri baradaky kitabynyň üstünde işläp jemledi we neşire taýýarlady.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok