Awgust aýynyň esasy sport çäreleri

Bilşimiz ýaly şu ýylyň awgust aýy iri halkara sport çärelerine örän baý. Biz hem size esasy 6 sany sport festiwallary barada aýdyp geçeýli.

6-njy orun: 12-nji Afrika oýunlary

Ilkinji gezek 1965-nji ýylda Brazawil şäherinde geçirilen, nobatdaky 12-nji Afrika Oýunlary awgust aýynyň 19-31 aralygynda Marokkanyň paýtagty , Rabat şäherinde geçiriler. Bu halkara sport festiwalynda 54 döwletden 6000-den gowrak sport türgenleri, sportyň 26 görnüşinde ýaryşarlar. Olaryň içinde 18 sport görnüşi Tokyo 2020 Olimpiýa oýunlary üçin hem saýlama tapgyry bolar.

5-nji orun: Formula 1 (Wengriýa  grandprisi)

“Şalaryň ýaryşy” ady bilen meşhur bolan, Formula 1-iň nobatdaky aýlawy 4-nji awgustda Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde geçiriler. Jemi 10 topardan bolan, 20 sürüji Budapeştiň “Hungaroring” trassasynda 70 aýlawyň netijesinde ýeňijini belli ederler. Emma tejribeli žurnalistleriň aýtmaklaryna görä, Beýik Britaniýaly sürüji Lýuis Hemilton öňde görülýär.

4-nji orun: Basketbol boýunça dünýä çempionaty

Her 4 ýyldan guralýan FIBA Basketbol dünýä çempionadynyň, nobatdaky 18-njisi Hytaý Halk Respublikasynyň 8 şäherinde, awgust aýynyň 31 we sentýabr aýynyň 15-I aralygynda geçiriler. Ilki bu ýaryş 2018-nji ýyla meýilleşdirilen bolsa, FIBA-nyň çykaran kararyna görä (FIFA dünýä çempionaty bilen bir ýylda geçirilmeli däl diýen karary) 2019-njy ýyla süýşürildi. Gatnaşýan toparlaryň sany 24-den 32-ä köpeldildi. Olaryň içinden Çehiýa ilkinji sapar gatnaşýar. Bu ýaryş Tokyo 2020 Olimpiýa oýunlary üçin hem saýlama tapgyry bolar.

3-nji orun: UFC 241

“Ultimate Fighting Championship” organizasyýasynyň, nobatdaky 241-nji dabarasy 17-nji awgustda (Aşgabat wagty bilen 18-nji awgust, sagat 07:00-da) ABŞ-nyň, Kaliforniýa ştatynyň, Anahaým şäheriniň “Honda center” arenasynda geçiriler. Dabaranyň esasy duşuşygynda 2 sany amerikaly türgenler, Daniel Kormier bilen Stipe Mioçiç UFC-niň agyr agramdaky çempionynyň kemerini gazanmak üçin duşuşarlar. Ýatlap geçeliň, bu olaryň 2-nji duşuşygy. 1-nji duşuşykda Daniel Kormier Mioçiçi ýeňip çempionyň kemerini gazandy.

Mundan başga-da muşdaklaryň söýgüli türgeni, Entoni Pettis bilen irlandiýaly Konor Makgregory ýeňmegi başaran Neýt Diaz duşuşar.

1025366038

2-nji orun: “Us Open” tennis turniry

“Us Open 2019” tennis turniry sanaw boýunça 139-njy bolar. Bu ýaryş awgust aýynyň 26 we sentýabr aýynyň 8-I aralygynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki  “USTA Billie Jean King” milli tennis merkezinde geçiriler.

Gurnaýjylaryň habar bermeklerine görä, ýaryşyň baýrak fondy ilkinji sapar 57 million amerikan dollaryndan geçer. Ýaryşyň ýeňijisi 3.85 million amerikan dollaryny gazanar.

1-nji orun: UEFA Super kubok

UEFA Super kubok ugrundaky göreşde, Çempionlar Ligasynyň ýeňijisi “Liwerpul” bilen Ýewropa Ligasynyň ýeňijisi “Çelsi” duşuşar. Duşuşyk 14-nji awgustda Istanbul şäheriniň “Beşiktaş Park” stadionynda, sagat 00:00-da geçiriler.

Bilşimiz ýaly Türkiýäniň iň iri şäheri UEFA Super kubogyň finalyny ilkinji gezek kabul etýär. Emma 2005-nji ýylda Çempionlar Ligasynyň finalyny “Atatürk” we 2009-njy ýylda Ýewropa Ligasynyň finalyny “Şükrü Saraçaoglu” stadionlarynda kabul edip gördi. Petekleriň bahasy €50-dan €150-ä çenli artýar.

Baýnazar Nepesow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok