“Altyn asyr”, “Köpetdag”, “Bawariýa”, “Borussiýa”, PSŽ, “Renn”, “Mançester Siti”, “Liwerpul”

Dünýäniň iň meşhur sporty futbolda täze möwsüm golaýlap barýar. Häzirki wagtda futbolçy transferleriniň ýokary depginde dowam edýän şu günlerinde toparlar birnäçe ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdiler, käbirleri-de geçirmegini dowam edýärler. Käbir çempionatlar bolsa, eýýämden başlady. Tomusky kanikuly juda az geçirmeli bolýan çempionatlaryň biri bolan Russiýanyň “Premýer ligasynda” toparlar şu hepdäniň ahyrynda 4-nji tapgyryň oýunlaryny oýnarlar. Öňümizdäki hepdäniň ahyrynda-da Angliýanyň hem-de Fransiýanyň çempionatlarynda täze möwsüme badalga berler.

Esasan hem Ýewropada täze möwsüme başlamazdan ozal, soňky çempion bilen kubogyň eýesi ýörite duşuşyk geçirýär. Bir duşuşykdan (Ispaniýada 2 duşuşyk) ybarat bolan oýna umumylykda Super kubok diýilýär. O diýen uly ähmiýeti bolmadyk bu Super kubogy duşuşyklary hemme ýerde-de abraý (prestiž) kubogy hökmünde görülýär. Super kubogy duşuşygy UEFA-da hem geçirilip gelinýär. Öňki ýyllarda Çempionlar ligasynyň ýeňijisi bilen 1999-njy ýyla çenli geçirilen Kubokçylaryň kubogy ýaryşynyň ýeňijisi duşuşýardy. Häzirki wagtda Çempionlar ligasy bilen Ýewropa ligasynyň ýeňijileri UEFA Super kubogy ugrunda özara duşuşýar. Bu ýylky UEFA Super kubogy 14-nji awgustda iki iňlis kluby “Liwerpul” bilen “Çelsi” toparlarynyň arasynda oýnalar. Türkiýäniň Stambul şäherindäki Vodafone Arenada” oýnaljak oýna fransiýaly zenan emin Stefani Frappar eminlik eder. Ol UEFA-da erkekleriň arasynda oýunlarda jürlewük çaljak ilkinji zenan emin bolar.    

Dürli ýurtlarda dürli-dürli atlar bilen agzalýan Super kubogy duşuşygynda biziň ýurdumyzda Naýbaşy kubogy diýilýär. Ine şol Naýbaşy kubogynyň şu ýylky eýesi şu gün belli bolar. Bu arzyly kubogy eýelemek üçin ýurdumyzyň çempiony “Altyn asyr” bilen Türkmenistanyň kubogynyň eýesi “Köpetdag” toparlary duşuşarlar. Duşuşyk Aşgabatdaky “Köpetdag” stadionynda oýnalar. Oýun 19:00-da başlar. Naýbaşy kubogyny duşuşyklary ýurdumyzda ilkinji gezek 2005-nji ýylda geçirildi. Şondan bäri yzygiderli geçirilip gelinýän duşuşykda iň köp ýeňiş gazanan topar “Altyn asyr” toparydyr. Soňky 4 ýylyň çempiony “Altyn asyr” 5-nji Naýbaşy kubogyna-da golaý ýagdaýda dur. AFK Kubogyndaky ýörişini dowam etdirýän “Altyn asyr” toparyna awgust aýynyň ahyrynda wýetnam topary bilen geçirjek duşuşygyň öňüsyrasynda gazanylan Naýbaşy kubogy moral taýdan uly goldaw bolar. Elbetde, “Köpetdag” topary-da bu kubogy ilkinji gezek alyp, Naýbaşy kubogyny eýelän toparlaryň hataryna goşulmakçy. “Altyn asyr” topary “Köpetdaga” garanyňda, bir ädim öňde ýaly görünse-de, 1 duşuşykdan ybarat bolan bu oýunda kubogyň eýesi hem gol gowşuryp oturmasa gerek.

Ilkinji gezek 2005-nji ýylda geçirildi diýipdik. Soňky ýyllarda “Altyn asyryň” gazanýan bu kubogyny öňki ýyllarda “Nebitçi” bilen ozalky HTTU 3 gezek eýelemegi başardy. “Ahal”, “Aşgabat” hem-de “Merw” toparlaryna-da 1 gezekden almak miýesser etdi. 

Şu günüň dowamynda ýene-de 2 sany Super kubogy duşuşygy geçiriler. Olaryň birinjisi Fransiýanyň Super kubogy duşuşygy bolup (Trophee des Champions), ondan “Pari Sen Žermen” bilen ýurduň kubogyny alan “Renn” klublary duşuşar. Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 16:30-da başlar. Duşuşygyň iň esasy aýratynlygy oýnuň Fransýada däl-de Hytaýda oýnalmagydyr. Hytaýyň Şenzen şäheriniň Şenzen uniwersitetiniň stadionynda oýnalar. Duşuşygyň faworiti elbetde parižliler hasaplanýar.

Futbol janköýerleriniň garaşýan ýene bir Super kubogy duşuşygy-da ýarygijden öň başlar. Germaniýanyň Super kubogyny (DFL-Supercup) eýelemek ugrunda ýurduň iň güýçli 2 kluby çempion hem-de kubogyň eýesi “Bawariýa” bilen wise-çempion “Borussiýa Dortmund” duşuşar.Ýeri gelende aýtsak, bir topar çempionlygy-da, kubogy-da alan ýagdaýynda ol Super kubogy duşuşygynda çempionaty 2-nji hatarda tamamlan klub bilen duşuşýar. “Der-Klassiker” diýilýän bu derbi Dortmundlylaryň meýdançasynda, “Signal Iduna Park” stadionynda oýnalar. Iki ezeli bäsdeşiň duşuşygy Aşgabat wagty bilen 23:30-da başlap, ol “Türkmenistan Sport” teleýaýlymy arkaly türkmen futbol janköýerleriniň hem dykgatyna ýetiriler. “Bawariýa” bilen “Borussiýa” 2010-njy ýyldan bäri Super kubogy duşuşygynda 6-njy gezek duşuşar. Mundan öňki 5 duşuşygyň 3-sinde “Bawariýa”, 2-sinde “Borussiýa” kubogy eýeledi.

Futbol muşdaklarynyň iň esasy garaşýan duşuşygy ertir oýnalar. Angliýanyň Super (FA Community Shield) kubogyny eýelemek ugrunda çempion hem-de kubogyň eýesi “Mançester Siti” bilen wise-çempion “Liwerpulyň” arasyndaky duşuşyk Aşgabat wagty bilen 19:00-da başlar. Londondaky dünýä belli “Wembley” stadionynda oýnaljak oýna iňlisleriň tanymal emini Martin Atkinson eminlik eder. 30 ýyla golaý bäri “Premier ligada” çempionlyk gazanyp bilmeýän “Liwerpul” geçen möwsümi UEFA Çempionlar ligasynyň kubogyny eýeläpdi. Bu kubogyň o diýen ähmiýeti bolmasa-da, täze möwsüme keýplije başlamak üçin toparlara uly ruhy goldaw berýän şu duşuşyk dünýäniň ençeme teleýaýlymynda görkeziler. Bu duşuşygyň faworiti hökmünde belli bir zat aýtmak juda kyn. Ýöne oýnuň welin çekeleşikli boljakdygyny häzirden aýtsa bolar. Bu kubogy 15 gezek alan “Liwerpul” soňky sapar 2006-njy ýylda asmana göterdi. Geçen ýylyň ýeňijisi “Mançester Sitiniň” muzeýinde bolsa 5 sany Super kubok bar. 

Hajymyrat Söýünow, sport žurnalisti.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok