Ekologiýa medeniýeti ýaşlaryň döredijiliginde

Dünýäniň iň aktual temalarynyň biri ekologiýa we daşky gurşawy goramak bolup durýar. Muny ýaşlara wagyz etmegiň ugurtapyjy usullary hem bilim ojaklarynyň we mekdepleriň üns merkezinde.

“Zehinli nesil” okuw merkeziniň Köneürgenç şäherindäki şahamçasynda muny bäsleşik arkaly ýaşlaryň ünsüni çekmegi maksat edindi. Okuw merkezinde “Art of waste”, ýagny “zibilden sungat” ady bilen, artyk ýa-da ulanyşdan çykan zatlary gaýtadan ulanyp, olardan hojalyk ýa-da bezeg el işleri ýasamak bäsleşigi gurnaldy. Bäsleşik uly seslenme getirdi. Kagyz, tagta, flastmas, mata görnüşdäki ulanylan önümlerden çagalar dözüňi dokundyrýan çeper işleri ýasap, okuw merkeziniň sergisine goşdular.

 Dürli oýunjaklar, süpürgiçler üçin tutawaçlar, gül ekilýän gutujyklar, torbajyklar, gyzgyn çäýnekleri aşagyna goýulýan, otag bezegleri, çyra daşlary, we şm. çagalaryň döredijilik serginde halk köpçüligine görkezildi.

Bu bäslşige guramaçylyk eden merkeziň iňlis dili mugallymy Dolaýewa Ogulgül: “Tomusy peýdaly geçirmek we ekologiýa medeniýetini ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak maksady bilen şu bäsleşigi geçirdik. Örän uly seslenme aldyk. Diňe okuwçylar däl, olary ene-atalaram çagalarynyň döredijiligine buýsanyp, çagalary üçin edilýän synpdan daşary çäreler üçin öz sagbolsunlaryny aýtdylar.”

Bäsleşik ýaşlaryň arasynda uly seslenme getirdi, we iki tapgyrda geçirilen bäsleşikde öňe saýlanan çeper işlere höweslendiriji baýraklar berildi.

 Merkeziň ýene bir mugallymy Arazmedowa Mähri: “Zehinli nesil okuw merkeziniň ýaş nesli köpugurly bolup ýetişmekleri ugrunda synpdan daşary çärelerden giňden peýlanylýar. Esasan hem tomus aýlarynda diňleýjilerimiz öz boş wagtlarynda küşt, stol tennisi, wideo oýunlar bilen wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirýärler. Şonuň bilen bir hatarda kitapsöýerler üçin hem bäsleşik guralýar. Bäsleşikden 2 aý öňünden synag boljak eserler okyjylara mälim edilýär. Okyjylar bu kitaplar okaýarlar, taýýarlyk görýärler. Bäsleşik güni bolsa şol eser esasynda test görnüşli synag geçirilýär. Bäsleşikde ýeňiji bolanlar dabaraly ýagdaýda sylaglanýar, we nobatdaky tapgyrda ýeňilliklerden peýdalanýar.”

“Zehinli nesil” okuw merkeziniň Köneürgenç şäherindäki şahamçasynyň müdiri Potalaýew Begenç: “Okuw merkezimiz 2014-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Köneürgenç şäheri we töweregindäki ilata tölegli okuwlary hödürleýär. Häzirki wagtda daşary ýurt dilleri, ýagny iňlis, rus , nemes we hytaý dilleri raýatlara dürli çuňlukda berilýär. Ondan daşary matematika we kompýuter tehnologiýanyň dürli ugurlary boýunça möhletli okuwlarymyz bar. Okuwlar 3 çalşykda we her tapgyr 3 aýyň dowamynda okadylýar. Merkezimiz Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň tassyklan meýilnamasy esasynda hereket edýär. Awgust aýynda geçiriljek bilim işgärleriniň maslahatyna biziňem mugallymlarymyz gatnaşyp, tejribe alyşarlar. “

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok