Huawei kompaniýasy «Hazar-2019» sergisine gatnaşýar

2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Hazar ykdysady forumyň çäklerinde halkara innowasion tehnologiýalarynyň sergisinde Hytaý Halk Respublikasynyň «Huawei Technologies Co. Ltd.» hem öz täze tehnologiýalaryna halk köpçüligine sergileýär.

Huawei

eýeçiligi: hususy kärhana
esaslandyral ýyly: 1987
Esaslandyryjysy: Žen Çženfeý
ýerleşýän ýeri: Hytaý Halk Respublikasy
önümçilik ugry: aragatnaşyk ulgamy
önümleri: aragatnaşyk enjamlary
serişde dolanşygy: 75,103 mlrd $ ABŞ (2016ý.)
sap girdeýjisi: 5,335 mlrd $ ABŞ (2016ý.)
adam sermaýasy: 180 müň adamdan gowrak(2019ý.)
web sahypasy: www.huawei.com

2012-nji ýylyň başynda kompaniýada 110 müň adam işlän bolsa, 2017-nji ýylyň dowamynda olaryň sany 180 müň adama çenli artdy.

2010-njy ýylyň hasaby boýunça Huawei kompaniýasynyň ýer ýüzünde 8 sany regional bölümi we 100 sany şahamçasy bardy. Onuň dürli ýurtlarda 20 sany ylmy-barlag merkezleri bar. Olardan: Hytaý, ABŞ, Germaniýa, Türkiýe, Hindistan (Bangalor), Şwesiýa (Stokgolm) we Russiýa (Moskwa). Kompaniýa Vodafone Group, BT Group, Telecom Italia, France telecom, Telefonica we Deutsche Telekom ýaly iri operatorlar bilen bilelikde inowassion merkezleri döretdiler.

Mobil segmenti

2015-nji ýylyň hasaby boýunça Huawei öýjükli telefon öndürijileriň hatarynda 3-nji orny eýeledi. 2018-nji ýylyň 2-nji ýarymynda bolsa bu görkezme boýunça Apple kompaniýasyny öňürtiläp, 2-nji orna geçmegi başardy.

Şu ýylyň iýul aýynda Huawei özüniň ilkinji 5G kysymly öýjükli telefony bilen tanyşdyrdy we şol ugurda dünýä bazarynda ilkinji bolmagy başardy. Ilkinji 5G kysymly telefonyň modeliniň ady “Huawei Mate 20 X”.

Huawei-Li-Fi bilen internet älemini üýtgetýär.

Göz öňüne getiriň, öýümizdäki islendik bir çyra internet çeşmesi we biz şol çyranyň ýakynynda durup 1 minudyň dowamynda 5 sany HD formatda kinofilmi ýükläp bilýäris. Ajaýyp eşidilýär, dogry dälmi? Emma Li-Fi tehnologiýasy bilen biziň bu arzuwlarymyz hakykada öwrüler.

Li-Fi tehnologiýasynyň tankyt edilýän taraplary

Li-Fi tehnologiýasynyň radiusy 10 metr we şol wagtda Wi-Fi-ňky 32 metr.

Mundan başga-da Li-Fi daşarda, ýagny gün şöhlesiniň düşýän ýerinde ulanylyp bolmaz.

Li-Fi ýagtylyk şöhlerlerini habar geçiriji hökmünde ulanýar we ol biziň bilýän Wi-Fi-den 100 esse çalt işlär.

Köp adamlar Li-Fi terminini ilki belli fizik Harald Haas (2011ý) ulandy diýip pikir etýärler. Emma ilkinji Li-Fi patendi 2006-njy ýylda Huawei kompaniýasyna berildi. Şol ýyldan bäri hem Huawei birnäçe barlag işlerini geçirip gelýär.

Baýnazar Nepesow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok