Çagalar doňdurma önümçilik kärhanasyny gezip gördüler

Tomus aýlarynda doňdurmanyň sarp edijiligi artýar. Uly-kiçi herkim yssy howada bu eşretden hökmän dadyp görýär.

Ýeri, iri doňdurma kärhanalarda doňdurmany önümçiligi nädip alnyp barylýar? Doňdurma üçin gerekli süýt we beýleki önümler nädip üpjün edilýär? Günde näçe mukdarda doňdurma öndürilip bazara paýlanýar?

Bu soraglara jogap tapmak isleýän aşgabatly çagalar “Erteki” doňdurmalarynyň öndürilýän kärhanasyna baryp gördüler.

Kärhananyň işgärleri taýýarlan tomaşasy bilen çagalara maglumat berdi. Yzýanyndan myhmanlara bu kärhananyň öndürýän buz gaýmaklary hödür kerem edildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda geçirilen gezelenç, çagalaryň giň dünýegaraýyşly bolmaklary, geljekde ökde hünärmen bolup ýetişmekleri hem-de tomusy gyzykly geçirmeklerini maksat edinýär. Partiýanyň agzybir işgärleri tomusda çagalar bilen dürli çäreleri geçirmäge dowam edýär.

Döwletgeldi Hommyýew
TSTP-nyň Aşgabat şäher komiteti

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok