Täze trend: “Face App”

Şu ýylyň başyndan bäri #10yearchallenge heştegi trend bütin dünýäni , şol sanda türkmen ýaşlaryny öz täsirine aldy. On ýyl öňki surat bilen, häzirki suraty bile goýup tanyş-bilişler bilen paýlaşmak çakylygyna herkim jogap berjek bolup dyrjaşdy.

Häzir bolsa aşgabatly ýaşlaryň arasynda täze trend döredi: Face App.  Bu priloženiýanyň kömegi bilen, ulanyjylar öz häzirki suratlarynyň esasynda mundan birnäçe ýyl soňky ýüz keşpleriniň (vagny garrylyk suratyny) işlenen grafikasyny görüp bilýär.

Agabaý Showman hem Face App suratlaryny muşdaklary bilen paýlaşanlaryň arasynda

Ýüze çykarylýan grafikalar hakyky surat ýaly, hiçhili grafiki üýtgeşmäniň täsirini birbada bilip bolmaýar.

“Faсe App” priloženiýasyny orsyýetli  WirelessLab işläp düzdi. Bu priložniýe ulanyjylara tölegsiz ýagdaýda hödürlenýär.

FaceApp

Priloženiýa adamyň ýüzüniň suratyny ýylgyrdýan, sakally, ýaş ýa-da garry ýagdaýa getirýän we başga-da gurallary bar.

Taryhy

Ilkibaşda priloženiýa 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda IOS we şol ýylyň fewral aýynda Android üçin döredildi.  

Maglumat konfedensiýallygy we howpsuzlygy

Face App

“FaceApp” priloženiýasynyň işläp taýýarlajylary öz müşderileriniň şahsy maglumatlary doly goralýandygy barada anyk maglumatlary berip bilenoklar.

Üns beriň!

Häzirki wagtda FaceApp prizloženiýasynyň saýtyna meňzeş garakçy dublikat saýtlar döredi. Bu saýtlar ulanyjylara Premium wersiýany hödürleýändigine ynandyryp, şahsy kompýuterlere zyýanly (wirus, worm, we şm.) faýllary geçirmegini ýola goýýarlar.

Baýnazar Nepesow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok